Çagalaryň ösüşinde telewizoryň uly täsiri bar. 1920-nji ýyllarda oýlanyp tapylan «güýmenje gutusy» soňky ýyllarda tehnologik amallar bilen kämilleşdirilip, telewizoryň ýokary durulykly dürli görnüşleri döredildi. Uly ekranly, ýokary durulykly telewizorlar körpejeleri has-da özüne çekýär. Çagalaryň bilimlerini artdyrmakda, dünýägaraýşyny giňeltmekde we täze zatlary öwrenmekde telewizor görmegiň ähmiýetiniň bardygyna garamazdan, uzak wagtlap bu enjamyň garşysynda oturmagyň zyýany hem bar. Diňe bir telewizor däl, eýsem, telefon, planşet, kompýuter ýaly beýleki enjamlaryň ekranyna uzak wagtlap seretmek çagalaryň ösüşine oňaýsyz täsir edýär. Ýaýlyma hödürlenýän gepleşiklerden bilime, dil we täze zatlary öwrenmäge degişli gepleşikler çagalaryň sagdyn we aň-düşünjeli ösüşi üçin ähmiýetlidir. Ýaýlyma goýberilýän animasiýalardan gysga wagtlyk, öwredijilik ähmiýeti bolan multfilmlere tomaşa etmek çagalaryň gözýetimini giňeltmekde, täze zatlary öwretmekde peýdalydyr. Uzak wagtlyk gepleşikler ýa-da multfilmler çagalaryň okamagyna, öwrenmegine, okuw çärelerine, maşk etmegine ýaramaz täsir edip biler. Hatda körpejeler telewizora güýmenip, wagtly-wagtynda naharlanmakdan we uklamakdan hem ýüz öwrüp bilerler.
Bilermenler ata-enelere körpejeleriň iň ýakyn dostuna öwrülen telewizora tomaşa etmegiň wagtyna gözegçilik etmegi maslahat berýärler.
2 ýaşamadyk çagalara telewizor görkezmek hiç hili maslahat berilmeýär. 2 ýaşdan uly çagalar üçin telewizora seretmegiň wagty her gün 1-2 sagatdan köp bolmaly däl.
Çagaňyza nahar iýilýän wagty ýa-da ýatmazdan öň telewizor görmäge rugsat bermäň! Şeýle hem ýatylýan otagda telewizor ýa-da kompýuter bolmaly däl.
Çagaňyzyň ýaýlymdaky haýsy gepleşigi görüp biljekdigini meýilleşdiriň! Çagaňyzyň tomaşa etjek gepleşigini ýa-da multfilmini özüňiz saýlaň! Oýlap tapyşlar, täze açyşlar, okuw we taryh bilen bagly gepleşikleri saýlamak çagaňyzyň ösüşi üçin ähmiýetlidir. Çagalaryň bir günde görmeli gepleşikleri ikiden köp bolmaly däl.
Gepleşige çagaňyz bilen bilelikde tomaşa ediň! Soňra gepleşikde aýdylan ýa-da bolup geçen zatlar barada çagaňyz bilen gürrüň ediň! Nämeleri öwrenendigini, gepleşigiň täsirini we düşünmeýän zatlaryny soraň! Gepleşiklere bilelikde tomaşa etmek hem-de sorag-jogap alyşmak çagalaryň ösüşi üçin örän ähmiýetlidir.
Çagaňyzyň günüň dowamynda görkezilýän multfilmleriň hemmesine tomaşa etmegine rugsat bermäň! Ýönekeý we biziň medeniýetimize kybap gelýän multfilmler çagalara has ýakyn bolup, taryh, däp-dessur, millilik bilen bagly birnäçe zatlary öwrenip bilerler.
Ekranyň başynda uzak wagtlap oturmak hereketsizlige we ýaltalyga getirýär. Şeýle hem çagalarda ünsi jemlemekde kynçylyklar ýüze çykýar. Bilermenler uzak wagtlap telewizora seredýän çagalarda uklap bilmezlik, semizlik, stres ýaly alamatlaryň has ýygy duş gelýändigini belleýärler.
Çagalaryň ululardan görelde alýandyklaryny nazara almak bilen, özüňiz hem telewizora tomaşa etmegiň, ekranly enjamlara güýmenmegiň wagtyny çäklendiriň! Muňa derek çagalaryňyz bilen öýde ýa-da daşarda oýnamaga, maşk etmäge hem-de gezelenç etmäge wagt aýryň!