Häzirki döwürde ynsan saglygynyň islendik jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň netijeli we işjeň häsiýetli wajyp şertleriň biridigini bütin dünýä ykrar edýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem talyp ýaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine wepaly bolmaklary üçin «Saglyk» döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport bilen meşgullanmak üçin giň şertler döredilen sport meýdançasynda, sport zalynda hemişe talyp ýaşlar türgenleşik geçýärler, bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanýarlar. Çünki, ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýä, sporta möhüm orun degişli. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenişine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär, tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini üpjün edýär. Şeýle hem institutymyzyň talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda guralýan sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň okuwdan boş wagtlary sport bilen meşgullanmaklary, islän ugry boýunça bilimini ösdürmekleri üçin dürli gurnaklar hereket edýär. Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyk günlerine we belli senelere bagyşlanan medeni çäreleriň meýilnamasy her ýylyň başynda taýýarlanylýar we guramaçylykly geçirilýär.
Institutymyzyň hünärmenleri ýygy-ýygydan sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegiň baş kadalarynyň okuwy we dynç alşy sazlaşykly guramak, fiziki işjeňlik, dogry iýmitlenmek, şahsy arassaçylygy berjaý etmek, taplanmak, agzybir maşgala gatnaşyklary, adamlaryň arasynda ruhy-ahlak gatnaşyklarynyň medeniýeti, zyýanly endiklerden daşda durmak, pasla görä geýinmek ýaly maslahatlar bilen talyplaryň öňünde çykyş edýärler. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary yzygiderli içmegi maslahat berýärler. Şeýle hem ynsan saglygyny goramagyň tebigy gurşawyň abat saklanmagyna we onuň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen berk baglanyşyklydygy barada aýdyp, ýokary okuw mekdebimizde, umumyýaşaýyş jaýlarynda we köçede özüňi tämiz alyp barmak, munuň özüň hem-de daş-töwerekdäkiler üçin örän ýakymly bolýandygy barada degerli maslahatlary berýärler.
Ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary hem-de sylanylýan parasatly ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahatlar geçirilýär. Hukuk goraýjy edaralaryň agzalary ýurdumyzda hereket edýän kanunlar barada, zyýanly endiklerden (çilim çekmekden, nas atmakdan, alkogolly içgileri içmekden) daşda durmak, onuň köp ýagdaýlarda has ýaramaz hereketlere çenli eltýändigi barada dürli mysallaryň üsti bilen täsirli gürrüňler berýärler. Eziz Diýarymyzda sylanylýan parasatly ýaşulular bolsa köçede, ýokary okuw mekdebinde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde öziňi alyp barmagyň edebi barada, edepli ýaşlaryň hemişe ýolunyň açyk bolýandygy, özlerinden kiçilere görelde bolýandygy barada durmuş mekdebinden alnan täsirli gürrüňler bilen öwüt-ündew edýärler. Şeýle hem ýaşlara hemişe okamagy, sport ýa-da peýdaly zatlar bilen meşgullanmagy, wagtlaryny täsirli geçirmegi, hemişe öwrenmegi maslahat berýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň dürli görnüşleri bilen içgin meşgullanmagy, ýaşlara bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini, okamagy, ylym öwrenmegi yzygiderli wagyz etmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin edýän ägirt uly aladalary biziň her birimiz üçin nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekdäki beýik başlangyçlaryny, türkmen sportuny ösdürmek baradaky çäksiz aladalaryny, külli adamzadyň bähbidine gönükdirilen tutumly işlerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet, halk bähbitli işleri rowaç bolsun! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin edýän ägirt uly aladalary biziň her birimiz üçin nusgalyk görelde bolup durýar.
Ýaşlaryň saglygy, döwrebap bilim almaklary baradaky aladany döwlet derejesinde ileri tutýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.