Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde halkymyzyň milliligini ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Pederlerimiziň nesilden-nesle geçiren el işleriniň biri-de halkymyzyň medeniýetini, däp-dessuryny beýan edýän milli egin-eşiklerimizdir. Olaryň birnäçe görnüşi taryhy döwürlerden gözbaş alyp, kämilleşip, milliligini ýitirmän biziň günlerimize gelip ýetdi.
Halkymyzyň milli egin-eşikleri biçüwleriniň örän sadalygy, jana rahatlygy, owadan, salyhatly görnüşi, reňkleriniň göze ýakymlylygy, keşdeleriniň çeper aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Her welaýatda egin-eşikleriň bezeg nagşy ýerli tebigatyň täsiri netijesinde aýry-aýrydyr. Demirgazyk Türkmenistanda ýaşaýan gyz-gelinler örän sünnäläp inçeden owadan keşdeleri gaýapdyrlar. Bu sebitde ýaşaýan zenanlaryň tahýadyr, donlaryna salan nagyşlarynyň ählisi keşdeçiligiň ilme usulynda ýerine ýetirilipdir.
Döwlet muzeýiniň maddy-medeni gymmatlyklar saklanýan gaznasynda mawut donlaryň 10-dan gowrak görnüşi bar. Olaryň daşky görnüşi, reňki birmeňzeş bolsa-da, her biri taýýarlanyş usuly, biçilip-tikilişi we içliginiň hili babatda bir-birinden tapawutlanýar. Bu donlar gyzyl mawutdan ýa-da keçe ýaly tüýjümek gyzyl ýüň matadan tikilipdir. Donlar uzyn we giň, ýeňleri uzyn biçüwde tikilipdir. Donlaryň ýüzi bilen içliginiň arasyna pagta salnyp syralypdyr. Baldyz çäkmenleriň bir görnüşi çyrpylaryňky ýaly ýüzi tutuşlygyna keşdelenip ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir. Gyralaryna, ýeňsapysyna «pytda», «guş ganat» nagyşlary salnypdyr. Bu donlaryň gyra nagyşlary beýleki welaýatlarda ýaşaýan zenanlaryň donlaryna garanyňda has inli keşdelenipdir. Ýeňsapylary 28-30-32 santimetr uzynlykda biçilip, owadan «gül» nagyşlar bilen tutuşlygyna keşdelenipdir. Çäkmenleriň beýleki donlardan ýene-de bir tapawudy, bu donlar jübüsiz tikilipdir. Ýagny ýeňsapynyň hasabyna ýeňleriniň uzyn tikilmegi jübiniň ýerini tutupdyr. «Baldyz çäkmen» diýlip atlandyrylýan begres donunyň içliginiň gunduz derisinden tikilen görnüşi hem bar. «Baldyz çäkmen» begres donlary diňe bir egne geýilýän don däl-de, eýsem, başatgyç hökmünde hem ulanylypdyr.
Zenanlaryň eginlerine geýen we başlaryna atynan eginbaşlarynyň aglabasy däp-dessurlar bilen hem berk baglanyşyklydyr. Demirgazyk türkmenistanlylara mahsus toý däp-dessurlarynyň biri-de gelin gelen öýünde, ýigidiň maşgalasyny sowgatlamak däbidir. Onuň manysy öýe ilkinji gadam basan täze gelniň, ýigidiň maşgalasyna bolan sylag-hormatyny aňladýar. Täze gelen gelin baldyzyny tahýa we «baldyz çäkmen» sowgat edýär. Şoňa görä, bu mawut don «baldyz çäkmen» diýlip atlandyrylypdyr.
Türkmen gyz-gelinlerimiziň çeper ellerinden çykan kürteler, çyrpylar, baldyz çäkmen donlary, gyrmyzy çabytlar senetçiligiň naýbaşy keşdeçilik sungatydyr. Şeýle hem enelerimizden gelip ýeten milli mirasymyz biziň buýsanjymyzdyr.
El hünäri bilen nagyşlanan kürtedir çyrpylar, baldyz çäkmenler ýaly türkmen zenanlaryna mahsus bolan eginbaşlar milletimiziň baý topragyny, güllerini, gözelligini, wepadarlygyny, çeperligini nagyşlaryň üsti bilen gürrüň berýän dessandyr. Ösüp gelýän ýaş gyzlarymyza edep-ekramly, ejaply bolmagy, işeňňirligi görkezýän ýol görkezijidir, terbiýe mekdebidir.
Ýaş nesillerimizi milli gymmatlyklarymyz, taryhymyz, tebigatymyz bilen içgin tanyşdyryp, olarda Watana bolan söýgini artdyrmak, ruhubelentlik duýgusyny oýarmak, milli senetçilik sungatlaryny öwrenmekde, ony dowam etdirmekde uly höwes döretmäge ýardam bermekde muzeý işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen olary halka ýetirmek bolsa biziň borjumyzdyr.
Milli mirasymyza, sungatymyza, el hünärimize, maddy gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Mähri HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy-usulyýet bölüminiň müdiriniň orunbasary.