Şu gün, 17-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Iran Pro­že» at­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi­si­niň öz işi­ne baş­la­dy. Hormatly Prezidentimiz halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Gutlagda hususanda şeýle sözler bar: “Türk­men we eý­ran halk­la­ry­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýän ta­ry­hy kök­ler, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar. Hut şo­nuň üçin hem ýurt­la­ry­myz se­bit­de uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş bol­mak bi­len, hä­zir­ki dö­wür­de ne­ti­je­li, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň asyr­lar­bo­ýy top­la­nan tej­ri­be­si­ni yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­ýar­lar”. Şeý­le hem Gut­lag­da De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ulag ge­çel­ge­si­niň «al­tyn hal­ka­sy» diý­lip yk­rar edi­len Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ri­len tas­la­ma­la­ryň has äh­mi­ýet­li­le­ri­niň bi­ri­di­gi bel­le­nil­ýär.

Ser­gi se­na­gat we teh­no­lo­gi­ýa­lar pu­da­gyn­da­ky iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny açyp gör­kez­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Giň ge­rim­li çä­re­de goň­şy döw­le­tiň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýü­ze go­la­ýy gur­lu­şyk en­jam­la­ry, me­tal önüm­le­ri, dur­muş en­jam­la­ry, sa­ni­tar-teh­ni­ki we ýu­wu­jy se­riş­de­le­ri, se­na­gat hem-de luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry ýa­ly ugur­la­ry­ny, şeý­le hem aw­tou­lag­la­ry hö­dür­le­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da el ha­ly­la­ry, se­net­çi­lik önüm­le­ri ser­gä ge­len­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Ser­gi­niň çäk­le­rin­de türk­me­nis­tan­ly we eý­ran­ly işe­wür­le­riň ara­syn­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe çä­re­le­riň, şol san­da Türk­men-eý­ran işe­wür­lik mas­la­ha­ty­ny ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Üç gün­läp do­wam ed­ýän ser­gi 19-njy no­ýab­ra çen­li do­wam ed­ýär.