17-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, eýran wekiliýeti Toparyň eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.
Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň birinji gününiň maksatnamasyna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag we logistika, senagat, oba we suw hojalyk, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri girizildi, şeýle-de Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň çözgütleriniň amala aşyrylyşynyň gidişi seljerildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini 18-nji noýabrda dowam eder.