17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
Hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, wise-premýer, daşary işler ministri Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip we mejlise gatnaşyjylara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap: “Biz muňa ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris” diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz ÝUNESKO-nyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.