17-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ne, bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na hem-de beý­le­ki kä­bir me­se­le­le­re ga­ral­dy.
Mej­lis­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow şu ýy­lyň 30-njy no­ýab­ry — 12-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­ty­na (COP-28) Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň gat­naş­ma­gy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­bar ber­di.
Mas­la­hat ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we dün­ýä ýurt­la­ry­nyň köp san­ly we­ki­li­ýet­le­ri­ni bir­leş­di­rer. 1-2-nji de­kabr­da döw­let­le­riň we hö­kü­met­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da “COP-28” mas­la­ha­ty­nyň ut­ga­şyk­ly mej­lis­le­ri­ni ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mas­la­ha­tyň işi ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­me­giň hal­ka­ra ma­li­ýe bin­ýa­dy­ny güýç­len­dir­mek we bu ugur­da­ky he­re­ket­le­ri ma­li­ýe­leş­dir­mek­de hu­su­sy pu­da­gy hö­wes­len­dir­mek; ze­per we ýit­gi gaz­na­sy­nyň işi­ni iş­jeň­leş­dir­mek; azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek; suw me­se­le­le­ri­ni ne­ti­je­li çöz­mek ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Ple­nar mej­lis­ler bi­len bir­lik­de, ho­wa me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ýo­ka­ry de­re­je­li ugur­daş çä­re­le­ri ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. “COP-28” mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ka­bul edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu res­mi­na­ma­la­ry öw­ren­mek we sel­jer­mek, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň ola­ra go­şul­ma­gy ba­ra­da­ky me­se­lä ga­ra­mak tek­lip edil­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, “COP-28” mas­la­ha­ty­na ýur­du­my­zyň ugur­daş eda­ra­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy, şeý­le hem türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň 26 — 28-nji no­ýabr­da Du­baý şä­he­rin­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek Ýaş­lar mas­la­ha­ty­na gat­naş­ma­gy ba­ra­da­ky tek­lip be­ýan edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­naş­ýan ta­rap­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bu Kon­wen­si­ýa gat­naş­ýan ta­rap­la­ryň (COP-28) mas­la­ha­ty­nyň 28-nji mej­li­si­ne gat­naş­ma­ga düýp­li taý­ýar­lyk gör­mek ze­rur­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy we wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.