17-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Bütindünýä durnukly ulag güni” Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli, şu ýylyň 26-njy noýabrynda meýilleşdirilen “Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, utgaşykly görnüşde geçiriljek foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleriniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini, bu babatda birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.
Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory şu ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ulag we üstaşyr geçirmek boýunça meseleleri, hususan-da, iki ýurduň üstünden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleri arkaly milli ulag düzümleriniň kuwwatlyklaryny ulanmak, bu ugurda bilelikdäki taslamalary ylalaşmak we durmuşa geçirmek, logistik merkezleri ösdürmek, daşamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň ornuna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna bu düzümiň wekilleriniň iş duşuşygyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.