17 — 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär. Ozal habar berşimiz ýaly, serginiň çäklerinde Türkmen-eýran işewürler maslahatyny geçirilýär.
Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine dowam etdi. Türkmen wekiliýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, eýran wekiliýeti Toparyň eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.
Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň maksatnamasyna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag we logistika, senagat, oba we suw hojalyk, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri girizildi, şeýle-de Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň çözgütleriniň amala aşyrylyşynyň gidişi seljerildi.
Şeýle hem gümrük serhedinde hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki serhet gümrük edaralaryny döretmek ýaly birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
EYR-nyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda EYR-nyň «Iran Prože» atly Ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlapdy. Sergi ertir öz işini tamamlaýar.