19-njy noýabrda Argentinada Prezident saýlawynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Saýlawda liberal dalaşgär Hawýer Mileý 56 göterim ses alyp birinji boldy. Saýlanan prezident ýurtdaky ykdysady meseleleri çözmek üçin birnäçe teklibi öňe sürýär. Olaryň arasynda ýurduň merkezi bankyny ýapmak, milli pul birliginiň ýerine amerikan dollaryny ulanmak hem bar. Watan üçin bileleşigiň dalaşgäri, häzirki ykdysadyýet ministri Serhio Masso hem dalaşgär bolup, 44 göterim ses aldy. Saýlawdan soňra Masso bäsdeşi Mileýe jaň edip, bu ýeňişi bilen gutlady. Mileý ýurtda puluň ýokary derejede hümmetsizlenmeginiň öňüni aljakdygyna wada berýär. Ýurtda prezident 4 ýyl möhlete saýlanýar.
Şu ýylyň 14-nji awgustynda Argentinada Prezidentlige bäsdeşleri kesgitlemek maksady bilen partiýalaryň arasyndaky deslapky saýlawlar geçirilipdi. Bu saýlawlarda ýurduň wekiller palatasynyň agzasy, “Awanza Libertad” (“Erkinlik ösýär”) partiýasynyň dalaşgäri Mileý garaşylmadyk ýagdaýda bäsdeşlerinden öňe saýlanypdy. Saýlawyň birinji tapgyry 22-nji oktýabrda geçirilipdi. Bu saýlawda Masso 37 göterime, Mileý 30 göterime, Patrisiýa Bullriç 24 göterime, Huan Shiaretti 7 göterime, Maýriam Bregman 3 göterime golaý ses alypdy.
Ykdysatçy hünäriniň eýesi bolan 53 ýaşly Mileý birnäçe ýyl dürli maliýe edaralarynda işledi. Ol 2021-nji ýylda wekiller palatasynyň agzalygyna saýlanyp, syýasy karýerasyna gadam basdy.
Saýlanan Prezident 10-njy dekabrda kasam kabul eder hem-de Alberto Fernandesden bu wezipäni kabul edip alar.