1877-nji ýy­lyň 21-nji no­ýab­ryn­da bir­nä­çe oý­lap ta­pyş­la­ryň aw­to­ry, ame­ri­kan in­že­ne­ri To­mas Edi­son se­si ýaz­ýan we çal­ýan fo­nog­raf at­ly en­ja­my oý­lap tap­ýar. Bu en­jam se­si ýaz­ýan we aýt­dyr­ýan il­kin­ji en­jam­dyr. Edi­so­nyň oý­lap ta­pan en­ja­myn­da ses si­lin­di­riň ýü­zü­ne ýaz­gy edi­lip, onuň aý­lan­ma­gy bi­len ses çyk­ýar­dy. Bu en­jam soň­ky ýyl­lar­da has kä­mil­leş­di­ri­lip, ses ýaz­gy­sy si­lind­re däl-de, dis­ke ýaz­dy­ry­lyp baş­lan­dy. Bu en­ja­myň teh­ni­ki taý­dan kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len ady gra­mo­fon, fo­nog­raf ýa­ly at­lan­dy­ry­lyp baş­lan­ýar.