Hy­taý bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ara­ly­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn söw­da­da ýer­li pul bir­li­gi­niň ula­nyl­ma­gy üçin yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Üç ýyl­lyk yla­la­şy­gyň çäk­le­rin­de 50 mil­liard ýua­na (6,97 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry tö­we­re­gi) de­ňe­çer ri­ýal çal­şy­lyp bil­ner. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň we Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mer­ke­zi bank­la­ry mä­lim et­di. Şeý­le­lik­de, iki ýurt ne­bit söw­da­syn­da hem ýer­li pul bir­li­gin­den peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik alar. Goş­ma­ça yla­la­şyk esa­syn­da şert­na­ma­nyň möh­le­ti uzal­dy­lyp bil­ner.
Hy­taý Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan uly möç­ber­de ne­bit im­port ed­ýär. Ge­çen ýyl Hy­taý bu ýurt­da ýurt­da 65 mil­liard dol­lar­lyk ne­bit sa­tyn al­dy. Hy­ta­ýyň Halk (mer­kez) ban­ky soň­ky 10 ýyl­da mil­li pul bir­li­gi­ni ulan­mak bo­ýun­ça 30 şert­na­ma gol çek­di. Mun­dan ozal ýurt Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Ka­tar, Mü­sür ýa­ly ýurt­lar bi­len şeý­le yla­la­şy­ga gol çe­kip­di.