Afrika yklymynyň öňdebaryjy futbol ýygyndylarynyň biri bolan Nigeriýada uly mesele bar. Milli ýygyndy Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyryna şowly başlap bilmedi. Ýyldyz oýunçylarynyň bardygyna garamazdan, öz meýdançasynda Lesoto, myhmançylykda-da Zimbabwe bilen 1-1 deňme-de oýnan topara portugaliýaly Žoze Peseiro tälim berýär. Nigeriýanyň futbol federasiýasynyň wekillerinden Nse Essien tälimçiniň görkezýän netijesinden nägilediklerini beýan etdi. Ol: – Hemmeler tälimçiniň boşadylmagyny isleýär. Alyp bolaýjak 6 utugyň 2-sini aldyk. Gynandyryjy ýagdaý, hatda Dünýä Kubogyna gatnaşmak üçin şowly başlangyç bolmady – diýip aýtdy. Essien tälimçiniň wezipeden boşadylmajakdygyny, sebäbi federasiýada tälimçi wezipesinden boşadylan ýagdaýynda oňa tölenjek öweztöleg üçin puluň ýokdugyny habar berdi.

Super bürgütler lakamly topar Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmändi. Nigeriýanyň indiki duşuşygy geljek ýylyň iýun aýynda bolup, olar şonda öz meýdançasynda 1-nji duşuşykda Benini 2-1 ýeňen Günorta Afrika bilen duşuşarlar.