Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Rub-el-ha­li çö­lün­de “Al-Hi­ran” hem-de “Al-Ma­ha­kik” at­ly iki sa­ny te­bi­gy gaz ýa­ta­gy açyl­dy. Şeý­le hem ozal açy­lan gu­ýu­lar­dan te­bi­gy ga­zyň ta­py­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy (“Sau­di Aramco”) 2030-njy ýy­la çen­li gaz önüm­çi­li­gi­ni 2021-nji ýyl­da­ky­dan 50 gö­te­rim art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Sa­ud met­bu­gat agent­li­gi­niň ha­ba­ry­na gö­rä, “Al-Hi­ran” we “Al-Ma­ha­kik” at­ly te­bi­gy gaz ýa­tak­la­ry Arap ýa­rym ada­sy­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky giň çöl­lük­de ýer­leş­ýär. Şeý­le hem bu ba­ra­da­ky ha­bar­da mun­dan ozal üs­ti ta­py­lan bäş ýa­tak­da-da te­bi­gy ga­zyň ta­py­lan­dy­gy mä­lim edil­di.