Adatça futbolda hüjümçiler 30 ýaşdan geçenlerinden soň olaryň ukyplary azda-kände peselip başlaýar. Sebäbi hüjümçileriň meýdançadaky oýnaýan ýerleri olardan ýokary derejede fiiki güýç talap edýär. Köpräk ylgamaly, iň esasysy hem gol geçirmeli bolýar. 30 ýaşdan soň olaryň geçirýän gollarynyň sany ozalkylar ýaly bolmaýar. Ýöne Kristiano Ronaldo, Lionel Messi, Zlatan Ibrahimowiç, Robert Lewandowski ýaly ýyldyzlar ýokarda bellänlerimiziň tersine. Esasan hem, Ronaldo bilen Messi 30 ýaşdan soň 30 ýaşdan öň geçiren gollaryndan has köp gol geçirdiler. Adaty statistikamyzy döwýän oýunçylaryň, has takygy, hüjümçileriň ýene biri-de angliýaly Harri Keýn bolup, ol täze klubunda eýýäm birnäçe rekordy täzeledi.

Alan Şirerden soň iňlisleriň iň esasy ýyldyzy hökmünde görülýän Harri Keýniň şu günlerde depen topy gol bolýar. Iýul aýynyň ahyrlarynda 30 ýaşy arka atan Keýn karýerasyndaky esasy klub bolan «Tottenham» toparynyň gapysyndan ilkinji ädimini ädende senenamalar 2004-nji ýyly görkezýärdi. Merdiwanyň basgançaklaryny ýeke-ýeke ädimlän Keýniň ýaşy gitdigiçe futbolynyň hili ýokarlandy. 1993-nji ýylyň 28-nji iýulynda Londonyň Woltemstow diýen ýerinde dünýä inen Keýn 1999-njy ýyldan 2004-nji ýyla çenli «Rijweý Rowers», «Arsenal», «Watford» ýaly klublaryň çagalar düzüminde oýnaýar. Soňra 2009-njy ýyla çenli «Tottenhamyň» ýaşlar düzüminde özüni görkezýär. London kluby ony irki ýyllarda, has dogrusy 2010-2013-nji ýyllar aralygynda «Leýton Orient», «Milwoll», «Norwiç», «Lester Siti» ýaly klublara kärendesine ugradýar. Bu klublarda gowy taplanan Keýn 2013-nji ýyldan başlabam «Tottenhamyň» esasy düzüminiň oýunçysy bolup başlaýar.
Ol 2013/14 möwsüminde 10 oýunda bary-ýogy 3 gol geçirýär. Ýöne şol möwsümden soňam birden öwsüp başlan şemal deý, onuň gol geçirijiligi ýokarlanýar. 2014/15 möwsüminde çempionatda 21, umumylykda-da 31 gol geçirýär. Täze möwsümde 25, ondan soňky möwsümde-de 29 gol bilen «Premier Liganyň» iň köp gol geçiren oýunçysy bolýar. Ondan soňky möwsümde-de 30 gol oňa iň köp gol geçiren oýunçy bolmak üçin ýeterlik bolman, 32 golly Mohamed Salahdan yza galýar. Iňlisler ahyry ençeme ýyldan soň Şirer ýaly hüjümçi bilen tanyşýar. Keýniň depeniniň gol bolan döwürlerinde «Tottenham» toparynyň tälimçiligine argentinaly Maurisio Poçettino bellenilip, onuň tälimçilik ukyby Keýniň gollarynyň sanynyň hasam artmagyna oňaýly täsir edýär.
«Tottenham» topary Poçettinonyň gelmegi bilen adyny çempionatyň iň esasy klublarynyň hataryna goşýar. Muňa Keýniň hem goşandy uly bolýar. Ýöne «Tottenham» topary näçe owadan futbol oýnasada, Keýn näçe gol geçirse-de, kluba kubok gazanmak, çempion bolmak başartmaýar. «Tottenhamyň» iň soňky gazanan kubogy 2008-nji ýyldaky Liga Kubogy bolup, çempionlygyň gazanylanynyň üstünden 60 ýyldan köp wagt geçýär. Topar 2019-njy ýylda UEFA Çempionlar Ligasynyň fialyna çyksa-da, «Liwerpuldan» asgyn gelen Keýn we ýoldaşlary meýdançany ýüzleri salyk terk etmeli bolýarlar.
Keýniň kuboksyz karýerasy diňe «Tottenham» toparynda däl, eýsem, milli ýygyndyda-da dowam edýär. Meşhur oýny oýlap tapan iňlisler bolsa-da, olar şu wagta çenli wagtal-wagtal şowly çykyş etselerem, bu owadan oýny iň gowy oýnaýan millet bolmak başartmaýar. Taryhlaryndaky ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk iň uly ýeňşini 1966-njy ýylda Dünýä Kubogynda jedelli gol bilen gazanan iňlisler üçin pandemiýa sebäpli 1 ýyl soňa süýşürilen EURO 2020-de uly pursat peýda bolýar. «Wembley» stadionynda oýnalan fialda italýanlardan asgyn gelen iňlisler bu taryhy pursatdan ýerlikli peýdalanyp bilmän, kümüş medal bilen oňňut etmeli bolýar.
Soňky ýyllarda ady «Real Madrid» we başga-da birnäçe klub bilen agzalan Harri Keýn şu tomusda «Bundesliga» transfer bolýar. «Tottenham» bilen hoşlaşan ýyldyz oýunçy «Premier Ligada» 213 gol geçirip, Alan Şirerden soň bu ugurda 2-nji orunda barýar. Robert Lewandowskiniň topardan gitmeginden soň gol geçirmekde az-owlak kynçylyk çeken «Bawariýa» Sadio Maneden hem garaşylýan netijäni alyp bilmeýär. Senegally ýyldyzy Saud Arabystanyna ugradan «Bawariýa» Harri Keýniň transferi üçin iňlis klubuna 100+10 million ýewro töleýär. Münhenliler ýyldyz hüjümçi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşýar. Aslynda «Bawariýada» köp wagtdan bäri 30 ýaşdan geçen futbolçylar bilen 1 ýyldan uzak şertnama baglaşylmaýardy. Ýöne Keýn üçin bu ýörelgesinden dänen «Bawariýanyň» şeýle etmek bilen häzirki wagtda nähili dogry netije çykarandygyny anyk görmek bolýar.
Keýniň täze bir çempionatda, täze bir klubda nähili başarnyk görkezjekdigi hemmäni gyzyklandyrýardy. Ýöne iňlis hüjümçi edil «Tottenhamda» oýnaýan ýaly, hamala başga bir kluba geçmedik ýaly gol geçirmegini dowam edýär. Çempionatyň ilkinji tapgyrynda «Werderiň» derwezesini sarsdyran oýunçynyň 11-nji tapgyrdan soň geçiren gollarynyň sany 17-ä ýetdi. Eýýämden 3 gezek het-trik eden («Bohum», «Darmştadt», «Borussiýa D» duşuşyklarynda) Keýn 11 duşuşygyň diňe 2-sinde gol geçirip bilmedi. Çempionlar Ligasynda-da 4 oýunda 4 gol geçiren Keýn «Bawariýada» 15 duşuşykda 21 gezek tapawutlandy. Keýn «Bundesliganyň» taryhynda ilkinji 11 oýunda 17 gol geçiren ilkinji futbolçy bolup, ol 16 gezek tapawutlanan Lewandowskiniň rekordyny täzeledi. Şol bir wagtyň özünde-de Keýn eýýämden geçen ýyl 16 gol bilen möwsümiň iň netijeli oýunçylary bolan Kristofer Nkunku hem-de Niklas Füllkrugdan köp gol geçirdi. Keýniň öňünde indiki rekord bir möwsümde 42 gol geçirip, Lewandowskiniň başga rekordyny hem täzelemek. Ol soňky duşuşykdan soň bu barada berlen sowala «Gowy sowal, görýän welin, tutuş möwsümiň dowamynda ýygy-ýygydan mendenbu sorag soraljak ýaly. Ýöne entek ýolumyz uzak. Men diňe toparym bilen çykyş edenimde lezzet alýaryn. Men «Premier Liganyň» ýadawlygyna öwrenişen» diýip, jogap berdi.
Keýn çempionatda hem iň köp gol geçiren oýunçy, hem-de karýerasyndaky iň uly gädik
bolan çempionlyk gazanmak isleýär. Olaryň ilkinjisi üçin «Ştutgartyň» gwineýaly hüjüm-
çisi Seru Girassi bilen bäsleşýän Keýn hemde «Bawariýa» ikinji arzuwy üçinem ýeňlişsiz
barýan «Baýer» topary bilen soňuna çenli göreşi dowam etdirmeli bolar. Ýöne soňky
11 möwsümiň çempiony «Bawariýa» toparynyň onuň bu isleglerini amala aşyrmak üçin
iň dogry salgydygy görnüp dur. Muny häzirki ýagdaý dolulygyna subut edýär.
Beýleki bir tarapdanam geljek ýyl Germaniýada geçiriljek EURO 2024-iň hem esasy
faworitleriniň biri hökmünde görülýän Angliýanyň milli ýygyndysynyň çempionlyk gazanan ýagdaýynda Keýniň depesi gök dirär. Aslynda ol şu wagtdan şol çempionata
Germaniýanyň dürli şäherlerinde gol geçirip, taýýarlyk görüp ýör diýsek hem bolar. Galanyny-da wagt görkezer…

Gazetiň sport synçysy