Düýn, 22-nji noýabrda Niderlandlarda ählumumy saýlawlar geçirildi. Saýlawyň netijelerine görä ýurduň hökümet Başlygynyň kim boljakdygy hem belli bolar. Ýurduň häzirki hökümet Başlygy Mark Rýutte saýlawdan soňra bu wezipäni tabşyrjakdygyny mälim edipdi. Saýlawyň anyk netijeleri bir hepdeden belli bolar. Saýlaw dowam edýän wagty geçirilen pikir soralyşygyň netijesine görä Gert Wildersiň ýolbaşçylyk edýän sagçy, «Azatlyk» partiýasy (PVV) birinji, Frans Timmermansyň ýolbaşçylygyndaky «Işçi» partiýasy (PvdA) hem-de «Ýaşyl» çep (Groen Links) bileleşigi ikinji boldy. Dilan Ýeşilgöz-Zegeriusyň ýolbaşçylyk edýän «Azatlyk» we demokratiýa üçin halk partiýasy (VVD) üçünji ýeri eýeledi. Beýleki ýurtlardakydan tapawutlylykda Niderlandlarda saýlawlar çarşenbe güni geçirilýär.