«Re­so­nance Con­sul­tancy» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy 2024-nji ýy­lyň iň go­wy 100 şä­he­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Bu şä­her­ler ila­ty bir mil­lionda­n köp 270-den gow­rak şä­he­riň ara­syn­dan saý­lan­dy. Sa­naw taý­ýar­la­nan­da, ýa­şa­mak üçin amat­ly­lyk, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si, ýo­ka­ry hil­li res­to­ran­la­ryň bol­ma­gy, dü­kan­la­ryň sa­ny, ýö­re­mek üçin amat­ly ýer­le­riň bol­ma­gy, kar­ta­sy çy­ka­ry­lan we­lo­si­ped ýo­da­la­ry­nyň sa­ny, se­ýil­gäh­ler we mu­zeý­ler, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ryn­da­ky ula­ny­jy­la­ryň mas­la­hat­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy. Sa­na­wyň bi­rin­ji or­nu­ny Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gyň Lon­don şä­he­ri eýe­le­di. Şä­her iş müm­kin­çi­lik­le­ri, me­de­ni­ýe­ti we ýo­ka­ry bi­lim de­re­je­si bi­len bu or­na my­na­syp gör­lüp­dir. Sa­na­wyň ikin­ji or­nun­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty bar. Köp ýyl­lar­dan bä­ri dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän şä­he­ri bo­lan Pa­riž­de di­ňe Eý­fel di­ňi däl, eý­sem, Notr-Dam so­bo­ry, şä­her plýa­žy, mu­zeý­ler, dür­li brend­le­riň ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry­ny hö­dür­le­ýän dü­kan­lar köp­le­ri özü­ne çek­ýär.
Üçün­ji or­ny ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­ri eýe­läp­dir. Köp ilat­ly­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, şä­he­riň se­ýil­gäh­le­ri, go­la­ýyn­da­ky ada­lar açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek is­le­ýän­le­ri özü­ne çek­ýär.
Sa­na­wy taý­ýar­lan­lar dör­dün­ji or­na hem köp ilat­ly şä­her­le­riň bi­ri­ni goý­ma­gy ma­kul bi­lip­dir­ler. Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio ýa­şa­mak üçin amat­ly met­ro­pol­la­ryň ara­syn­da he­mi­şe öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Şä­her dür­li ha­ryt­la­ry hö­dür­le­ýän söw­da mer­kez­le­ri bi­len hem myh­man­la­ry özü­ne çek­ýär.
Bä­şin­ji orun­da­ky Sin­ga­pur bol­sa, di­ňe teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ösen bol­ma­gy bi­len däl, eý­sem, ta­gam­la­ry bi­len hem myh­man­la­ry özü­ne çek­ýär. Mag­lu­mat­da bel­len­me­gi­ne gö­rä, şä­her haý­ran gal­dy­ry­jy ýag­daý­da bö­lek söw­da­nyň köp­dür­lü­li­gi bi­len Azi­ýa­nyň iň döw­re­bap, iň gu­ra­ma­çy we ja­dy­laý­jy ta­ra­py bi­len ün­si özü­ne çek­ýär.
Al­tyn­jy orun­da­ky Du­baý myh­man­ha­na­la­ry, sim­wo­li­k bi­na­la­ry we özü­ne çe­ki­ji ýer­le­ri bi­len sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­na giripdir.
ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky San-Fran­sis­ko şä­he­ri iş müm­kin­çi­lik­le­ri, okuw­ly iş­çi güý­ji, teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ösüş ga­zan­ýan star­tap­la­ry bi­len sa­na­wa gi­rip­dir. San-Fran­sis­ko­nyň şä­her gur­lu­şy­gy­nyň saz­la­şyk­ly­ly­gy­na, go­rag­ly we­lo­si­ped ýo­da­la­ry­na we ulag­syz tä­ze kö­çe­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­lip­dir.
Is­pa­ni­ýa­nyň ke­nar­ýa­ka Bar­se­lo­na şä­he­ri hem ja­han­keş­de­le­riň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Şä­her ýa­şa­mak üçin amat­ly­lyk ba­bat­da ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bo­lup­dyr. Şeý­le hem şä­he­riň se­ýil­gäh­le­ri, üýt­ge­şik bi­na­gär­li­gi we ýy­lyň do­wa­myn­da hö­küm sür­ýän my­la­ýym ho­wa­sy adam­la­ry özü­ne ben­di ed­ýär.
Ni­der­land­la­ryň Ams­ter­dam şä­he­ri hem il­kin­ji on­luk­da özü­ne orun ta­pyp­dyr. Ýa­şaý­jy­la­ry­nyň aw­tou­lag däl-de, has köp we­lo­si­ped sür­ýän­di­gi bi­len ta­nal­ýan şä­her mu­zeý­le­ri, söw­da no­kat­la­ry, iş orun­la­ry­nyň köp­lü­gi bi­len ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bo­lup­dyr.
Sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gy­ny Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Se­ul jem­läp­dir. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de “K-pop” aý­dym-saz gör­nü­şi­niň meş­hur­lyk ga­zan­ma­gy Se­ul üçin bäh­bit­li bo­lup­dyr. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­len şä­her­de glo­bal de­re­je­de iş alyp bar­ýan 500 tö­we­re­gi kom­pa­ni­ýa­nyň eda­ra­sy ýer­leş­ýär.