«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýyl uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz 2023–2027-nji ýyllar üçin BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy. Bu düzüm bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň ХХI asyryň möhüm meselelerini çözmek ugrunda medeni diplomatiýa arkaly durmuşa geçirýän çäreleri ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary bilen doly utgaşýar.

Be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­län Türk­me­nis­tan bu ugur­da iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da yzy­gi­der­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan we hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän stra­te­gi­ýa­nyň ne­ti­je­sin­de türk­men spor­ty ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy.
Hä­zir­ki wag­ta çen­li Türk­me­nis­tan da­şa­ry ýurt­lar bi­len sport ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça dür­li hö­kü­me­ta­ra we pu­da­ga­ra de­re­je­dä­ki yla­la­şyk­la­ryň on­lar­ça­sy­na gol çe­kiş­di. Ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, ÝU­NES­KO, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­ýär. Şeý­le hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan Olim­pi­ýa ny­şan­la­ry­ny go­rap sak­la­mak ba­ra­da­ky Naý­ro­bi yla­la­şy­gy­na go­şul­dy, ÝU­NES­KO-nyň sport­da do­ping se­riş­de­le­ri­ni ulan­ma­ga gar­şy gö­re­şi bo­ýun­ça Hal­ka­ra Kon­wen­si­ýa­sy­ny tas­syk­la­dy, Mil­li an­ti­do­ping agent­li­gi­ni dö­ret­di.
Uly sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň – Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň öňü­sy­ra­syn­da BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ge­lip gow­şan hoş ha­bar Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ro­waç­ly­ga bes­len­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň öňü­sy­ra­syn­da hem şeý­le hor­ma­ta my­na­syp gör­lüp, 2017–2021-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne saý­la­nan­dy­gy­ny ýat­la­mak ýa­kym­ly­dyr. De­giş­li dö­wür­de ýur­du­myz­da Aş­ga­bat Azia­da­sy, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty, «Amul–Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si ge­çi­ril­di.
Häzirki wagtda Aş­ga­bat­da Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty ge­çi­ril­ýär, ýa­kyn ýyl­lar­da Sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty ka­bul edi­ler. Tür­gen­le­ri­miz bol­sa
2024-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na hem-de XVIII to­mus­ky Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şar.
Türk­me­nis­ta­nyň 2023–2027-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň ag­za­ly­gy­na saý­la­n­ma­gy ýur­du­my­zyň oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň Ýer ýü­zün­de giň­den gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Aý­lar Nur­çi­ýe­wa,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.