Dünýä ýurtlaryna syýahat edýän jahankeşdeleriň ünsüni çekýän ýagdaýlar bar. Döwletleriň köp sanlysy syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek ýolunda syýasat alyp baranlarynda, ine şol ýagdaýlary göz öňüne tutýar. Ilkinji nobatda, ýurduň rahatlygy we asudalygy esasy talap bolup durýar. Şeýle-de ýaşaýjylaryň mähirli gatnaşyklary we myhmansöýerlegi hem bu ýagdaýlardan sowlup geçenok. Jahankeşdeleriň ünsüni çekäýjek zatlaryň biri-de, şol ýurduň taryhy-medeni gymmatlyklarydyr. Mundan daşgary bazar bolçulygy we ykdysady gurşawyň amatly ýagdaýlary hem göz öňüne tutulýar. Bularyň ählisi syýahatçylygy ösdürmek ýolunda täsir edýän görkezijiler bolup durýar. Şeýle görkezijiler Tailand patyşalygy babatda hem şeýledir.
Günorta-Gündogar Aziýanyň kuwwatly döwletleriň biri bolan Tailand patyşalygy syýahatçylygyň ösen derejesi, ýokary tehnologiýalaryň ygtybarly gurşawy we ýokary netijeliligi, şeýle-de oba hojalyk pudagy bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasynda abraýly orny eýeleýär. Şeýle ösüşler ýurduň amatly geografik gurşawda ýerleşmegi, klimatynyň ähli pasyllarda hem göwnejaý bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Tailanda howa şertleriniň amatlylygy ýylda azyndan iki gezek dagy bol hasyl almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde howa ähli pasyllarda hem durnuklylygyny saklaýar. Bu bolsa öz nobatynda ýurt üçin ýene-de bir uly üstünligi-syýahatçylygy ösdürmäge hem giň ýol açyp berýär.
Ýurduň ilatynyň hoşniýetliligi, myhmansöýerligi we patyşalygyň asudalygy bilen bagly bu mesgeni “Ýylgyryşlaryň ýurdy” diýip atlandyrýarlar. Çünki bu ýurda seýle çykan badyna myhmansöýer we şadyýan tailandlylara gözüň düşýär. Ýurduň paýtagty Bangkok dünýäde iň uzyn atly paýtagt hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir. Şäheriň doly ady: “Krung Thep Mahanakhon Amon Rattanakosin Mahinthara Ayuthaya Mahadilok Phop Noppharat Ratchathani Burirom Udomratchaniwet Mahasathan Amon Piman Awatan Sathit Sakkathattiya Witsanukam Prasit” Şeýle hem Bangkok “gysgaça” “Krung Thep Maha Nakhon” görnüşinde hem aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde bu at şäheriň resmi adydyr.
Adatça tailandlylar özüni erkin alyp barýarlar. Munuň esasy sebäbi-de özlerini erkin ýurtda ýaşaýandygyna ynanýarlar. Ýurduň adynyň manysy hem şeýle ýörelge bilen baglanyşyklydyr. Tailand halky özlerini “Muang Tai” ýa-da “Prathet Tai” diýip atlandyrýarlar. Tailand sözi “Thailand”, ýagny “Thai” we “Land” sözleriniň birikmesinden emele gelendir. ‘Thai”- tai dilinden terjime edilende “erkin”, “Land”-iňlis sözi bolup “ýer, ýurt” manylary berýär.
Gadymy medeniýeti, haýran galdyryjy däp-dessurlary, özboluşly taryhy, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp dürdäne eserleriniň gaýtalanmajak özboluşlulygy, keramatly ybadathanalarynyň akyla sygmajak gudraty, deňizleriniň jana şypaly we gözel kenarlary, şeýle-de täsin adalary bilen ähli jahankeşdeleriň ünsüni bada-bat özüne çekýär. Taryhy maglumata görä, hat-da 1913-nji ýyla çenli tai halkynyň aglabasynda familiýa hem bolmandyr, olaryň arasynda at has ýörgünli bolupdyr. Halk esasanda tai dilinde gürleýär. Iňlis diliniň ikinji dil hökmünde ýörgünlidir. Bu bolsa jahankeşdeler üçin amatly bolup durýar. Siz bu ýurda baranyňyzda aňsat-aňsat pyýada hereket edýän tailandla duş gelmersiňiz. Olar köplenç dürli ulaglarda – motobaýklarda, metrolarda, awtobuslarda, samokatlarda, şeýle hem ýörite elde ýasalan kiçijik arabajyklarda hereket edýärler.
Tai ýurduny “ak pilleriň mekany” hasaplaýarlar. Edil hindi halkynyň sygry keramat derejesinde görüp, hormat goýuşy ýaly, tai ýurdunda hem ak pillere uly hormat goýulýar we milliligiň nyşany hökmünde seredilýär.
Tai dili ýazylyşy we aýdylyş äheňi bilen örän özboluşlydyr. Ýazylyşy hindi diline, aýdylyşy bolsa hytaý diline çalym edýän ýagdaýlarynda köp halatda gabat gelmek bolýar. Bu diliň elipbiýi dünýäde hmer elipbiýinden soň ikinji orunda durýan iň uly dil hasaplanýar. Tai dilini ýurduň ähli sebitinde hereket edýär, emma ähli mekdeplerde şol bir wagtyň özünde iňlis dili hem ýörgünlidir. Ýurduň demirgazyk-gündogar sebitinde köplenç laolylaryň dialektinde gepleşilýär. Bu dialekt laos halkynyň diline meňzeýär.
Tailandyň dünýä döwletleriniň arasynda köp ugurlar babatda öňdebaryjy döwletdir. Munuň şeýledigini käbir ugurlar babatda ýöriteleşendigi we ösendigi baradaky maglumatlar hem görkezýär. Tailand dünýäde pikap awtoulaglary öndürmekde ABŞ-dan soň ikinji orunda durýar. Aziýada bolsa awtomobil önümçiliginde Ýaponiýadan, Günorta Koreýadan soň üçünji orunda durýar. Şeýle hem şekerçiňrik, şaly, kauçuk we balyk önümçiliginde öňdebaryjy döwletdir.
Tailand patyşalygynda medeni mirasa we taryhy gymmatlyklara aýratyn sarpa goýulýar. Bu ýerde halk, esasan-da, dini garaýyşlara aýratyn üns berýär. Tailandyň gymmatly medeni ýadygärlikleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Hususan-da sanawa 1991-nji ýylda ýurduň Aýutthaýa sebitindäki Aýutiýa atly gadymy şäheri, Sukhothaýdaky taryhy seýil baglar, Si Satçanalaý, Kamphengphet ýaly taryhy seýilbaglar, 1992-nji ýylda Bançiang arheologik ýadygärligi, 2005-nji ýylda bolsa Dongfaýaýen-Khauýaý tokaýlyklar bilen gurşalan künjek, Khauýaý, Thaplan, Pang Sida, Ta phraýa milli seýilgähleri, Dongýaýyň ýabany tebigaty goşulýar.
Tailandda dürli şüweleňleri geçirmek däbi bar. Çiang Maý şäherinde ýokary derejede kagyz çyralarynyň “Yee Peng” atly festiwaly geçirilýär. Ony başgaça “Çyralar festiwaly” diýip atlandyrýarlar. Her ýylyň noýabrynda Dolan aý gijesi müňlerçe adam arzuw edip kagyz çyralaryny asmana goýberýärler. Wegeterianlaryň ýörite festiwaly hem bu sebitde meşhurdyr. Festiwal her ýylyň güýz paslynda Phuket adasynda geçirilýär. Festiwal özüniň täsin däpleri bilen jahankeşdeleri özüne çekýär.
Mahlasy, Tailand patyşalygynyň täsinlikleri gönüden-göni ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri üçin amatly mesgendigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Tailandyň täsinlikleri we täsin adatlary jahankeşdeleriň gelim-gidimli hereket etmegine ýiti täsir edýär we olaryň bu ýurt babatdaky gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şeýlelikde täsin adatlar bilen tanyş bolmaly we gurşawynda özüni duýmak üçin jahankeşdeleriň müňlerçesi ýylyň dört paslynda hem syýahata barýarlar.
Taýýarlan Gurbanmyrat GURBANOW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy.