Geljek ýylyň iýun-iýul aýlarynda Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyry tamamlanyp, 24 ýygyndynyň 21-si belli boldy. Galan 3 ýygyndy hem geljek ýylyň mart aýynda geçiriljek pleý-off tapgyryndan soň kesgitlener.

* Saýlama tapgyryna UEFA-nyň 55 agzasynyň 53-si gatnaşyp, olar 10 toparçada çykyş etdi. Jemi 230 duşuşykda 661 gol geçirildi (ortaça 2,87 gol).

* Duşuşyklara jemi 5 million 31 müň 853 janköýer tomaşa etdi (ortaça 21 müň 878).

* 24 awtogol hasaba alnyp, olary goşmanyňda jemi 348 futbolçy tapawutlandy.

* Saýlama tapgyrynyň iň köp gol geçiren oýunçysy 14 gol bilen Romelu Lukaku boldy. Bu görkeziji Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrlary üçin rekord bolup, ondan öň 1 çempionatyň saýlama tapgyrynda iň ýokary görkeziji 13 gola deňdi (Robert Lewandowski, Dewid Hili). Lukakukdan soň Kristiano Ronaldo 10, Kilian Mbappe 9, Harri Keýn 8 gol geçirip, ilkinji 4-lüge düşdüler.

* Ähli duşuşygynda ýeňiş gazanan ýeke-täk topar Portugaliýanyň ýygyndysy bolup, olar 10 duşuşykda-da garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. Portugaliýanyň ýygyndysy 36 gol geçirip, 2 gol geçirtdi. Fransiýanyň, Angliýanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň hem-de Rumyniýanyň ýygyndylary-da saýlama tapgyryny ýeňlişsiz tamamladylar.

* Kipriň, Gibraltaryň, Maltanyň, San Marinonyň hem-de Lihteşteýniň ýygyndylary ýeke utuk hem gazanyp bilmediler. Farer adalarynyň (2 deňlik), Estoniýanyň (1 deňlik), Bolgariýanyň (4 deňlik) hem-de Andorranyň (2 deňlik) ýygyndylary-da ýeke duşuşykda hem ýeňiş gazanyp bilmediler, ýöne deňme-deň oýnap, azyndan 1 utuk gazandylar.

* Gibraltaryň ýygyndysy ýeke gol hem geçirip bilmedi. Şol bir wagtyň özünde iň köp gol geçirden topar boldy (41 gol). Lihtenşteýn 1, Malta, Estoniýa, Farer adalary 2, Kipr, Andorra, San Marino 3 gol geçirdi.