Russiýanyň “Zarubežneft”, Eýranyň “Ghadir” hem-de Türkiýäniň “Unit International” kompaniýalar topary Eýranda 7 milliard dollarlyk maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada “Reuters” habarlar gullugy habar berýär.
Türk kompaniýasynyň habar bermegine görä, kompaniýalar topary 3 sany nebit ýatagyny (Sepehr, Jofeýr we Darkhuaýn) özleşdirmek üçin gözleg işlerini amala aşyrar. Şeýle hem Eýranyň Kiş tebigy gaz käninde-de degişli işleri alyp bararlar. 3 sany nebit ýatagynyň umumy gory 10 milliard barrele deňdir.
Şu aýyň başlarynda “Zarubežneft” kompaniýasy konsorsiumyň düzümine girýän beýleki şereketler bilen üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekişdi. Mundan başga-da, rus kompaniýasy Eýranyň Nebit kompaniýasy bilen ýurduň günorta-günbatar bölegindäki 2 sany iri ýatagyň özleşdirilmegi babatda ylalaşyga gol çekişipdi. Resminama laýyklykda, rus şereketi uglewodorod känleriniň özleşdirilmegi babatda degişli maksatnamalary taýýarlar.
Hytaý esasy satyn alyjy ýurt
Şu ýylyň ilkinji dört aýynyň eksport netijelerine görä, Hytaý Eýran Yslam Respublikasynyň harytlaryny satyn almakda birinjiligi eýeleýär. Hytaýdan soňra Yrak we Birleşen Arap Emirlikleri gelýär. Hasabat döwründe Eýran 13,45 milliard dollar möçberinde 37,63 million tonna haryt eksport etdi.
Degişli döwürde Hytaý Eýrandan 10,33 million tonna haryt satyn aldy we onuň umumy bahasy 2,84 milliard dollara deň boldy. Aziýanyň iri döwleti Eýranyň eksportunyň 27,47 göterimini, eksportdan gelýän girdejiniň 21,11 göterimini eýeleýär. Mundan başga-da, Günorta Koreýa, Hindistan, Owganystan, Türkiýe, Pakistan, Tailand ýaly ýurtlar hem Eýrandan köp mukdarda haryt satyn alýarlar we sanawda ilkinji onluga girýär. Oman, Ýaponiýa, Türkmenistan, Indoneziýa hem-de Italiýa bu sanawda degişlilikde 11-nji orundan 15-nji orna çenli eýeleýär.