Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy 2020-nji ýyl­da öz ön­dü­ren eme­li hem­ra­sy­ny älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Ýur­duň il­kin­ji ýer­li önüm­çi­li­gi bol­jak “TÜRK­SAT-6A” eme­li hem­ra­sy­nyň tas­la­ma iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gy­ra ga­dam bas­dy. Hä­zir­ki wagt­da onuň kä­bir bö­lek­le­ri­niň sy­nag iş­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar. Tä­ze eme­li hem­ra­nyň sy­nag iş­le­ri 2018-nji ýyl­da-da do­wam et­di­ri­lip, ony 2020-nji ýyl­da uçur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Fran­si­ýa­da we Ýa­po­ni­ýa­da bi­lim alan türk in­že­ner­le­ri ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän eme­li hem­ra üçin 600 mil­li­on türk li­ra­sy (170 mln$) möç­be­rin­de se­riş­de goý­be­ril­di.
Eme­li hem­ra­nyň ag­ra­my ýan­gy­jy bi­len bi­le­lik­de 4,3 ton­na ba­ra­bar bo­lar. Ol älem gi­ňiş­li­gin­de 42-nji gra­dus­da ýer­leş­di­ri­lip, ara­gat­na­şyk hem­ra­sy Tür­ki­ýä­niň, Ýew­ro­pa­nyň, De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­nyň we Azi­ýa­nyň bel­li bir bö­le­gi­ni gur­şap alar. Onuň kos­mos gi­ňiş­li­gin­de gal­mak möh­le­ti 15 ýyl­dyr. 2014-nji ýyl­da bu tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­mä­ge baş­lan­dy.