Boliwiýanyň täze daşary işler ministri Selinda Sosa şzüniň ilkinji çykyşynda ýurduň BRIKS-e girmegi ugrunda işlejekdigini aýtdy. Ol Global Günorta ýurtlarynyň arasyndaky maliýe integrasiýasynyň täze mehanizmlerini işjeňleşdirmegi ýene-de bir möhüm ugur diýip atlandyrdy.
Boliwiýanyň Prezidenti Luis Arse 27-nji noýabrda Selinda Sosany ýuduň täze daşary işler ministri wezipesine belledi. Öňki daşary işler ministri Rohelio Maita 15-nji noýabrda And jemgyýetiniň kazyýetiniň agzasy bolmak maksady bilen wezipesinden çekildi.
-Men daşary işler ministri hökmünde Boliwiýanyň BRIKS-iň doly agzasy bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem Global Günorta ýurtlarynyň arasynda dollara garaşlylygy azaldýan maliýe integrasiýasynyň täze mehanizmlerini işjeňleşdirmek üçin işlemegi dowam etdireris – diýdi.
Iýul aýynda Boliwiýanyň Prezidentiniň BRIKS-e öz ýurdunyň bu bileleşige girmek islegi barada resmi taýdan habar berendigi habar berildi.