Hytaý Haýnan adasynyň kenarynda maglumat saklaýan we gaýtadan işleýän merkeziň birinji tapgyryny gurup başlady. Iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan birnäçe jebis konteýner deňziň düýbündäki ýörite meýdançada ornaşdyrylýar.
Dünýädäki täjirçilik maksatly maglumatlary gaýtadan işleýän ilkinji merkez suwasty Günorta-Hytaý deňziniň düýbünde ýerleşýär. Maglumatlary saklamak üçin niýetlenen suw geçirmeýän jebis blok her 30 sekuntda dört milliondan gowrak ýokary durulykdaky suratlary gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Suwasty maglumat merkeziniň bir elementiniň güýji bir wagtyň özünde işleýän, takmynan, 60 müň adaty kompýuteriň öndürijiligine barabardyr.
Hytaý bäş ýylyň içinde şonuň ýaly ýüzlerçe blogy gurmagy meýilleşdirýär. Geljekde merkeziň kuwwaty 6 million adaty kompýutere deň bolar. Her bir maglumat saklaýjy blogyň agramy 1300 tonna – 1000 awtoulagyň agramyna barabardyr. Modul 35 metr çuňluga deňziň düýbüne düşürilýär, munuň üçin üç sagat töweregi wagt gerek bolýar. Azyndan çärýek asyr hyzmat etmeli enjam tebigy hadysalara hem çydamlydyr.
Energiýany ýokary derejede tygşytlap bilýänligi bolsa, suwasty maglumat merkeziniň esasy artykmaçlygy bolup durýar. Sowatmakda deňiz suwunyň ulanylýanlygy sebäpli, oňa hyzmat edilende çykdajylar görnetin az bolar.
Mundan ozal iri tehnologiýa kompaniýalary suwasty maglumat merkezlerini gurupdylar.