Bolgariýanyň Milli sosial howpsuzlyk edarasynyň hem-de Milli statistika institutynyň ýaýradan maglumatyna görä, ýurduň ilatynyň ortaça ýaşy artýar. Ýewropa Bileleşiginiň iň gündogaryndaky agzasy bolan bu ýurtda pensiýa ýaşyndakylaryň sany hem artýar. Ilatyň sanynyň azalyşynyň geljek ýyllarda hem dowam etjekdigi mälim edildi. 2075-nji ýyla çenli ýurduň ilatynyň 4,9 milliona çenli azalmagyna garaşylýar. Şol ýyl, ýagny ýene 52 ýyldan ýaşy 65-den ýokary bolanlar ýurduň ilatynyň 25,5 göterimini düzer. Bu bolsa her dört adamdan biriniň ýaşuly nesliň agzasy boljakdygyny görkezýär.
Maglumatlara görä, mundan ozalky ilat ýazuwynyň geçirilen ýyly bolan 2021-nji ýylda ýurduň ilaty 6 million 520 müň bolupdyr. Ýurtdaky pensionerleriň sany şu ýyl 12 müň 300 artyp, 2024-nji ýylda 2 million 39 müňe ýeter.
Ýaýradylan maglumatda ýurtda “Covid-19” pandemiýasynyň hem täsiriniň bolandygy bellenilip, geçen ýyl ilatyň 6 million 447 müňe çenli azalandygy habar berildi.
Ýurduň ilaty kommunizmiň tamamlanan ýyly bolan 1989-njy 8 million töweregi eken. Şondan bäri ýurduň ilaty azalýar. 2007-nji ýylda Bolgariýanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagy bilen ilatyň köpüsi Günbatar Ýewropa döwletlerine göçüp gitdi.