Türkiýäniň sebitleýin höwesjeňler ligasynyň (BAL) 12-nji toparçasynda täsin duşuşyk bolup geçdi. Has takygy toparlaryň atlarynyň özboluşly bolmagy duşuşygyň esasan hem sosial mediada üns merkezde bolmagyna sebäp boldy. 7-nji tapgyryň çäginde geçirilen iki goňşy welaýatyň (il) “Perşembespor” bilen “Çarşambaspor” toparlary duşuşdy. “Perşembespor” topary ýurduň Ordu welaýatynyň Perşembe etrabynyň (ilçe) kluby bolup, “Çarşambaspor” topary-da Samsun welaýatynyň Çarşamba etrabynyň klubudyr. Ýekşenbe güni geçirilen duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda boldy we oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Ýer eýeleri “Perşembespor” 2-0 öňe saýlansa-da, “Çarşambaspor” 90+5-nji minutda hasaby deňledi duşuşyk 3-3 hasabynda deňlikde tamamlandy (Mustafa Akynjy 8, Ýasin Öztop 12, Tansu Ýazyjy 37 – Abdulkadir Kaplan 28, 46, Haýri Kyjykoglu 90+5).