28-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da azer­baý­jan hal­ky­nyň umu­my mil­li li­de­ri Heý­dar Ali­ýe­wiň dog­lan gü­nü­niň 100 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Geý­der Ali­ýew — Türk­me­nis­ta­nyň we Azer­baý­ja­nyň do­gan­ly­gy» at­ly kon­sert ge­çi­ril­di.
Kon­sert baş­la­ma­zyn­dan ozal Mu­kam­lar köş­gü­niň fo­ýe­sin­de Heý­dar Ali­ýe­wiň dur­mu­şy­ny hem-de dur­mu­şa ge­çi­ren iş­le­ri­ni, şeý­le hem Azer­baý­ja­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­ýän fo­to­su­rat­la­ryň ser­gi­si gu­ral­dy.
Kon­sert mak­sat­na­ma­sy­na Azer­baý­ja­nyň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Mi­ka­il Jab­ba­row, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ba­tyr At­da­ýew, Aş­ga­bat­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy.
Kon­sert baş­la­maz­dan ozal, çy­kyş eden Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­si Gis­met Ge­za­low azer­baý­jan hal­ky­nyň umu­my­mil­li li­de­ri Heý­dar Ali­ýe­wiň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne go­şan go­şan­dy ba­ra­da gür­rüň ber­di. Sport top­lu­my­nyň meý­dan­ça­sy­na dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň Döw­let baý­dak­la­ry ge­ti­ril­di. Olar meý­dan­ça­da ha­ta­ra dü­zül­di. Soň­ra çem­pio­na­tyň res­mi açy­lyş da­ba­ra­sy ba­dal­ga al­dy.
Kon­ser­tiň do­wa­myn­da Azer­baý­ja­nyň «Mu­gam» an­samb­ly­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň bi­le­lik­de gat­naş­ma­gyn­da Azer­baý­ja­nyň halk aý­dym­la­ry­ny hem-de kom­po­zi­tor­la­ryň dö­re­den ta­ny­mal eser­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Azer­baý­jan hal­ky­nyň aý­dym-saz­la­ry kon­ser­te gat­na­şy­jy­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy.