Eje­si­niň yzy­na dü­şüp, aw­to­ul­aga ta­rap ýö­ne­len Çeýz tas ag­lap­dy. Ol ýap-ýa­ňy­ja ortodontuň ota­gyn­dan çy­kyp­dy. Ýa­ňy on bir ýa­şan og­lan­jy­gyň öňün­de dur­mu­şyn­da has kyn dö­wür bo­lan ar­ly to­mus ýa­tyr­dy. Luk­man onuň bi­len mylakatly gür­leş­di, ýö­ne ha­ky­ka­tyň ýü­zü­ne se­ret­me­li wagt ge­lip ýetipdi. Çeýz diş­le­ri­niň nä­dog­ry ösüşini dü­zet­mek üçin gapjawaç dakdyrmaly bol­jak­dy. Dişlerini düzetmegiň agy­ry­ly bo­la­ny üçin, ol ga­ty we şep­be­şik iý­mit­le­ri iýip bil­jek däl­di. Üs­te­si­ne-de, og­lan­jyk dost­la­ry­nyň öz üs­tün­den gül­jek­digi ba­ra­da-da pi­kir edýärdi. Ene­li-ogul oba­da­ky ki­çi­jik öý­le­ri­ne do­la­nyp gel­ýär­kä­ler bi­ra­gy­zam gür­leş­me­di­ler. Ola­ryň oba­da­ky mel­lek ýe­ri on­çak­ly uly däl­di, ýö­ne ol ýer­de ola­ryň iti, iki pi­şi­gi, tow­şan­la­ry, köp san­ly bel­ka­la­ry, guş­la­ry ýa­şa­ýar­dy.
Og­lu­nyň diş­le­ri­niň nä­dog­ry ösüşini be­jer­mek baradaky çözgüdi eje­si Sin­di­niň bi­r ö­zü­ne aň­sat däl­di. Çün­ki bäş ýyl mun­dan ozal, onuň adamsy aradan çykypdy, bir og­lun­dan baş­ga hiç ki­mi ýok­dy. Ol oglunyň dişini bejertmek üçin ze­rur bolan 1500 dol­la­ry hem az-az­dan ýyg­nap­dy.
Soň­ra gün­le­riň birin­de eje­si dün­ýä­de özi üçin iň eziz bolan perzendiniň göw­nün­den tur­dy: Sin­di og­lu­nam ýa­ny­na alyp, köp ýyl­lar­dan bä­ri duz-e­mek bol­şup gat­na­şýan, öz­le­rin­den 50 mil uzak­lyk­da ýa­şa­ýan Reý­ker­le­riň maş­ga­la­sy­na gör­me-gör­şe git­di. Je­nap Reý­ker ola­ra teb­le­ha­na­sy­ny, bu ýer­dä­ki aty­ny gör­kez­di. Ata go­laý ba­ran­la­ryn­da, ol kel­le­si­ni be­lent tu­tup dur­dy. Adaja öwüs­ýän şe­mal onuň açyk ýa­ly­ny, guý­ru­gy­ny tolkun atdyrýardy. Atyň ady Le­di­di, iň owa­dan at­la­ryň to­hu­myn­dan­dy. Eýer­le­nen bu ata Çeýz öm­rün­de il­kin­ji ge­zek mü­nüp gör­ýär­di. At bi­len at­ly­ny haý­sy­dyr bir mä­hir şo­ba­da gur­şap al­dy.
– Eger-de, siz al­mak is­le­se­ňiz, bu at sa­tyl­ýar – di­ýip, jenap Reý­ker Sin­dä ýüz­le­nip aýt­dy. – Siz mu­ny müň ýa­rym dol­la­ra alyp bilersiňiz, oňa äh­li de­gi­şli ka­gyz­la­ry dü­ze­dip, äkit­mek üçin ýö­ri­te pyr­gu­nam goşýaryn.
Sin­di bel­li bir ka­ra­ra gel­me­li­di. Ýyg­nan pul­la­ry­ny Çeý­ziň diş­le­ri­ni dü­zet­mä­ge ýa-da oňa at sa­tyn al­ma­ga sarp et­me­li­di. Ahyr­da ol Çeý­ziň diş­le­ri­niň nä­dog­ry ösüşini dü­zet­megiň has wa­jyp­dy­gy­na göz ýe­tir­di. Ene­li-ogul nä­çe gy­nan­sa­lar-da, ge­len ka­rar­la­ry bi­len ra­zy­laş­ma­ly bol­du­lar. Sin­di og­lu­na ata öw­re­niş­megi, bir­sa­lym mü­nüp çap­magy üçin Reý­ker­le­riň ho­ja­ly­gy­na ýy­gy-ýy­gy­dan getirjekdigine söz ber­di.
Çeýz uzak möh­let­li diş be­je­riş tap­gy­ry­na gö­wün­siz baş­la­dy. Ol her ni­çik-de bol­sa, luk­ma­na gat­nap, gap­ja­wa­jyň do­wam­ly ba­sy­şy­na döz gel­me­li bol­dy. Ol kä­te ag­la­sa-da, zeý­ren­se-de, be­je­ri­şiň ara­sy­ny kes­me­di.
Eje­si­niň Le­dä mü­nüp, bir­sa­lym ge­zim et­me­gi üçin äki­den gün­le­ri Çeý­ziň dur­mu­şyn­da tom­suň ýe­ke-täk aja­ýyp pur­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup geç­di. Ol bu ýer­de bü­tin­leý er­kin­di, giň meý­dan­da agy­ry-yn­jy­ny bil­me­ýän dün­ýä ata­ry­lyp, çar ta­ra­pa at çap­ýar­dy. Og­lan­jyk di­ňe atyň toý­nak­la­rynyň saz­la­şyk­ly dü­kür­di­si­ni, ýü­zü­ne ur­ýan şe­ma­lyň şuw­wul­dy­sy­ny eşid­ýär­di. Çeýz Le­di­niň üs­tün­de ge­zim edip ýör­şü­ne özü­ni ga­dym za­man­lar­da bet­bagt­çy­ly­ga uç­ran bir gy­zy ha­las eden rysar ýa-da kowboý däl­di­rin öýt­me­ýär­di. Çeýz uzak ge­ze­lenç­den soň, jenap Reýker bilen birlikde Le­di­nem, onuň ýa­ta­gy­nam aras­sa­la­ýar­dy­lar. Ata iým be­rýär­di­ler. Çeýz öz tä­ze dos­tu­na he­mi­şe bir bö­le­jik gan­t eçil­ýär­di. Kä­ma­hal­lar Sin­di Reý­keriň aýaly bilen kö­ke bi­şir­ýär­di­ler, li­mo­nad taý­ýar­la­ýar­dy­lar, Çeý­ziň at ça­py­şy­ny syn­la­ýar­dy­lar.
Sin­di zor­luk bi­len alyp gaýt­ma­dyk bol­sa, Çeý­ziň at bi­len hoş­la­şy­gy uza­ga çek­jek­di. Og­lan­jyk Le­di­niň kel­le­si­ni gu­jak­la­ýar­dy, ar­ka­sy­ny we ýa­ly­ny sy­pa­la­ýar­dy. Paý­has­ly jan­dar äh­li za­da dü­şün­ýän ýa­ly, Çeý­ziň kä­ýa­rym köý­ne­gi­niň ýe­ňin­den diş­läp, pa­ra­hat dur­ýardy. Og­lan­jyk her ge­zek Reý­ker­ler­den gaý­dan­da, Le­di­ni iň soň­ky sa­par gör­ýän­di­rin öý­düp howatyrlanýardy. Çün­ki bu at sat­ly­ga çy­ka­ry­lyp­dy, seýs­le­nen at­la­ryň ga­dyr-gym­ma­tam baş­ga­ça bol­ýar-a.
To­mus paýawlap ba­r­ýa­nam bol­sa, diş­le­riniň nä­dog­ry ösüşini düzet­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gör­gi, nä­ra­hat­lyk do­wam ed­ýär­di. Ba­sym müň ýa­rym dol­lar hem harç edil­ip, özü­ni ýe­sir eden aty­ny sa­tyn al­ma­ga hiç zat gal­jak däl­di. Çeýz ra­hat­lan­dy­ry­jy jo­gap al­ma­gy umyt edip, eje­si­ne so­wal ba­ry­ny ber­ýär­di. Müm­kin, olar aty sa­tyn al­mak üçin pul karz alar­lar? Eý­sem, ge­rek­li muk­dar­da­ky pu­ly ga­zan­mak üçin gowy iş tap­dyr­maz­my­ka? Sin­di og­lu­na ba­şar­dy­gyn­dan jo­gap ber­ýär­di, kä­te­ler oň­ly jo­gap tap­ma­ýa­ny­ny og­lu­na bil­dir­me­jek bo­lup, içer­den çy­kyp gi­dýär­di. Ýal­ňyz og­lu­na is­le­ýän za­dy­ny alyp ber­mä­ge güý­jü­niň ýet­me­ýän­di­gi­ne ýü­re­gi awa­ýar­dy.
Sent­ýab­ryň sal­kyn sä­he­rin­de mek­dep­de sa­pak­lar baş­la­dy. Ir­den Çeýz­le­riň öý­le­ri­niň ýa­nyn­da sa­ry mek­dep aw­to­bu­sy sak­lan­dy. Mek­dep okuw­çy­la­ry to­mus dyn­ç a­l­şyn­da nä­me bi­len meş­gul bo­lan­dyk­la­ry ba­ra­da bir-bir­le­ri­ne gür­rüň ber­ýär­di­ler. Ha­çan-da, Çeý­ze nobat ýetende, ol dür­li zat­lar ba­ra­da gür­rüň ber­se-de, Le­di at­ly al­tyn­sow ýal­ly at ba­ra­da ýe­ke agy­z hem dil ýar­ma­dy. Bu wa­ka­nyň iň soň­ky ba­by ýa­zyl­man­ly­gy üçin, ol hat­da onuň nä­hi­li gu­tar­jak­dy­gy ba­ra­da pi­kir et­mä­ge hem gork­ýar­dy. Be­je­riş döw­rü­niň has çyn­la­kaý tap­gy­ry yz­da gal­dy, hä­zir Çeý­ziň ýag­da­ýy oň­şar­lykly­dy.
Çeýz ýek­şen­be gü­nü­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­dy. Çün­ki eje­si ony Reý­ker­le­re alyp git­me­gi wa­da be­rip­di. Og­lan­jyk bel­le­ni­len gü­ni ir­den uku­dan oýan­dy. Tow­şan­la­ry­ny, it­i­ni, pi­şik­le­ri­ni na­har­la­dy, hat­da, how­ly­nyň ag­zyn­da­ky ýap­rak­la­ry dyr­myk­lap üý­şür­mä­ge-de ýe­ti­ş­di. Çeýz öý­den çyk­ma­zyn­dan ozal, al­tynsow ýal­ly dos­ty üçin kel­tek­çe­si­niň jü­bü­si­ni gant­dan dy­kyp dol­du­r­dy.
Ola­ryň sürüp bar­ýan aw­tou­la­gy ýol­dan sow­lup, Reý­ker­le­riň fer­ma­sy­na ta­rap ugur al­ýan­ça, Çeý­ze um­ma­syz köp wagt ge­çen ýa­ly bo­lup gö­rün­di. Ol uzak­dan öz söý­gü­li aty­ny gör­mek üçin ala­da bi­len bar ün­sü­ni jem­le­di. Olar ho­ja­ly­ga go­laý ba­ran­la­ryn­da, og­lan­jyk nä­çe göz gez­dir­se-de, hiç ýer­de Le­dä gö­zi düş­me­di. Onuň ýü­re­gi tiz-tiz­den urup baş­la­dy, göz­le­ri bi­len at daşalýan pyr­gu­ny ag­tarýar­dy. Ol hem ýokdy. Atam, pyr­gu­nam ýi­ti­rim bolupdy. Çeý­ziň uly how­sa­la bi­len pi­kir ed­ýän za­dy ha­ky­ka­ta öw­rü­lip­di. Ha­ky­kat­da­nam, kim­dir bi­ri aty sa­tyn alyp­dyr, Çeýz in­di ony hiç ha­çan gö­rüp bil­me­se ge­rek.
Çeýz özün­de nä­hi­li­dir bir ruhy boş­lu­gy syz­dy. Olar kyn­lyk bi­len awtoulag­dan düş­dü­ler­-de, öýüň ga­py­sy­na yl­gap bar­dy­lar. Ýö­ne ga­py ja­ňy­na hiç kim jo­gap ber­me­di. Di­ňe Deý­zi at­ly güjük guý­ru­gy­ny bu­laý­lap, ola­ry gar­şy­la­dy. Eje­si gaý­gy­ly hal­da how­la aý­lan­ýan­ça, Çeýz teb­le­ha­na ug­ra­dy. Onuň ýatagy boş­dy, eýe­ri hem gü­rüm-jü­rüm bo­lup­dy. Çeýz gö­zü­ne ýaş aý­lap, aw­toulaga do­la­nyp gel­di.
– Men hat­da onuň bi­len hoş­la­şy­bam ýe­tiş­me­dim – di­ýip, py­şyr­da­dy. Sin­di we Çeýz gaý­dy­şyn öz pi­kir­le­ri­ne gümra bo­lup, dy­myp gel­ýär­di­ler. Dos­tu­nyň ýit­gi­sin­den dü­şen ýa­ra aňsat-aňsat bit­mez, Çeýz di­ňe atyň sö­ýül­jek we ol hak­da go­wy ala­da edil­jek oňat öýe düş­me­gi­ne bil bag­la­ýar­dy. Çeýz onuň bi­len ge­çi­ren ünji-ala­da­syz gün­le­ri­ni hiç ha­çan unut­maz.
Sin­di öý­le­ri­ne alyp bar­ýan ýo­la so­wu­lan­da Çeýz göz­le­ri­ni ýu­mup, başyny sal­lap otyr­dy. Hä­zir ol öý­le­ri­niň ýa­nyn­da du­ran at da­şa­mak üçin ni­ýet­le­nen gy­zyl reňk­li lo­wur­dap du­ran tirkeg pyr­gu­nam, gök aw­tou­la­gy­na ýap­la­nyp du­ran je­nap Reý­ke­rem gör­me­ýär­di. Çeýz ga­ba­gy­ny gal­dy­ran­da, mü­nüp gel­ýän awtoula­gy eý­ýäm sak­la­nan eken, je­nap Reý­ker bol­sa, awtoula­gyň ga­py­sy­ny aç­dy-da:
– Çeýz, sen nä­çe dol­lar ýyg­nap ýe­tiş­diň – di­ýip so­ra­dy.
Ýok, bu wa­ka­nyň ha­ky­kat bol­ma­gy müm­kin däl­di. Og­lan­jyk göz­le­ri­ni sü­pür­di we ynam­syz­lyk bi­len:
– On ýe­di dol­lar – di­ýip, sa­ky­nyp jo­gap ber­di.
– Men at hem-de ony pyr­gun­ly ge­tir­me­giň ha­ky üçin hut şun­ça tö­leg is­läp­dim – di­ýip, je­nap Reý­ker ho­şa­maý ýyl­gyr­dy.
Söw­da ga­ty ba­hym ta­mam bol­dy. Bir­nä­çe mi­nut­dan bol­sa, eý­ýäm, tä­ze buý­san­jaň ho­ja­ýyn atyň eýe­rin­de joň­ka­ryp otyr­dy. Az wagt­dan so­ňam aty­ny giň meý­da­na ta­rap öw­ren Çeýz göz­den ga­ýyp bol­dy.
Je­nap Reý­ker bu eden he­re­ke­ti­ni adam­la­ra şeý­le dü­şün­dir­ýär­di:
– Şol gün meniň ömrümde iň ajaýyp we bagtly günleriň biri bolupdy!

Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.