30-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­ty­na (COP-28) gat­naş­mak üçin 1-2-nji de­kabr­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne bol­jak iş sa­pa­ry­na taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Bü­tin­dün­ýä ho­wa fo­ru­my­nyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Onuň gün ter­ti­bi­ne dün­ýä­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, tu­tuş adam­za­dyň gel­je­gi üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan me­se­le­ler gi­ri­zi­ler. Türk­me­nis­tan wa­jyp yk­dy­sa­dy we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de jo­gap­kär­li we iş­jeň orun eýe­le­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň “COP-28” mas­la­ha­ty­na gat­naş­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

«Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ri­ler
Soň­ra wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 28 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da ka­bul eden Ka­rar­na­ma­sy bi­len yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy 12-nji de­kab­ry “Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni” di­ýip yg­lan et­di.
Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da bir­nä­çe çä­re­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da «Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly hal­ka­ra fo­rum, Pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň du­şu­şy­gy, Adam hu­kuk­la­ry­nyň äh­lu­mu­my Jar­na­ma­sy­nyň 75 ýyl­ly­gy­na we Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne ga­bat­la­nan “te­ge­lek sto­luň” ba­şyn­da­ky mas­la­hat bar. Şeý­le hem Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik mis­si­ýa­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­ha­na­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne esas­la­nyp alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň­den gol­daw tap­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýa­kyn gün­ler­de uly baý­ra­myň — Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň da­ba­ra­ly bel­le­nip ge­çil­jek­di­gi­ne ün­si çe­kip, bu baý­ram my­na­sy­bet­li çä­re­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak üçin go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy.