30-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow bi­lim eda­ra­la­ry­nyň he­re­ket et­me­gi­niň şert­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, bi­lim işi­ne döw­let akk­re­di­ta­si­ýa­sy amal­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, bi­lim eda­ra­la­ry­ny akk­re­di­tir­le­me­giň mil­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi eda­ra­la­ry­nyň hal­ka­ra reý­tin­gi­ne go­şul­ma­gy üçin gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
“Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň 15-nji mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Bi­lim işi­niň döw­let akk­re­di­ta­si­ýa­sy ha­kyn­da Düz­gün­na­ma­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Bi­lim işi­niň döw­let akk­re­di­ta­si­ýa­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­lim eda­ra­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri ba­bat­da dün­ýä­niň bel­li okuw mek­dep­le­ri­niň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy­na, mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň hal­ka­ra de­re­je­le­re çy­ka­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi eda­ra­la­ry­nyň 9-sy Hal­ka­ra uni­wer­si­tet­ler bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy bo­lup dur­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz ýur­du­myz­da ýaş­la­ry­my­zyň ylym­ly-bi­lim­li, giň göz­ýe­tim­li bol­mak­la­ry ug­run­da ýo­ka­ry we or­ta hü­när bi­li­m eda­ra­la­ryn­da döw­re­bap öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Bi­lim işi­niň döw­let akk­re­di­ta­si­ýa­sy­nyň Düz­gün­na­ma­sy­ny ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­la­mak mö­hüm bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.