“Karateçi çaga” (Karate Kid) filmleriniň hataryna ýene biri goşulýar. Jonatan Entwisliň režissýorlyk etjek kinosynda meşhur aktýor Jeki Çan hem Ralf Makkio baş keşplerde surata düşerler. Ilkinji gezek iki başga  “Karateçi çaga” filminde surata düşen aktýorlar bir filmde bilelikde keşp janlandyrar. Filmiň 2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda ekranlara çykmagyna garaşylýar. Ralf Makkio 1984-nji ýyldaky “Karateçi çaga” filminde Daniel LaRussonyň keşbini ýerine ýetiripdi. Jeki Çan bolsa 2010-njy ýyldaky filmde Jeýden Smit bilen surata düşüpdi. Makkio “Kobra Kai” atly serialda-da şol keşbi janlandyrypdy.