Iki ýaşly amerikaly Isla Maknabb (Kentukki ştaty) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gyzjagaz aň derejesi ýokary bolan adamlaryň jemgyýetiniň iň ýaş agzasy boldy. Bu barada “MIR 24” wab saýty habar berýär.
Islanyň kakasynyň aýtmagyna görä, 18 aýlyk wagty elipbiýi öwrenip, iki ýaşynda okamaga başlady. Mundan başga-da, ol ähli sanlary we reňkleriň köpüsini bilýär.
Çaganyň ene-atasy gyzyny IQ derejesi ýokary bolan adamlaryň jemgyýetine goşmak maksady bilen synagdan geçirmeli diýen karara geldiler. Ilkibaşda hünärmenler gyzjagazyň örän ýaşdygyny nazara alyp, synagy geçirmekden boýun towladylar, ýöne ahyrynda kadany bozmaga razy boldular.
Häzir üç ýaşly Isla çagalar bagyna gatnaýar. Ol matematikany, surat çekmegi we okamagy halaýar. Gyzjagazyň ene-atasy onuň üçin aýratyn bilim meýilnamasynyň taýýarlanmagyny we mekdebe ir gitmegine mümkinçilik berilmegini isleýär.