Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Şeýh Muhammet ben Zaýed al-Nahaýýan 30 milliard dollar möçberinde täze klimat gaznasynyň döredilendigini habar berdi. Ol bu barada Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä howa sammitinde aýtdy.
-Men global klimat çözgütleri üçin 30 milliard dollarlyk gaznanyň döredilendigini habar bermekden hoşal – diýip, BAE-niň Prezidenti aýtdy. Ol bu gaznanyň global klimat çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin niýetlenendigi belledi.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-28) 28-nji konferensiýasynyň esasy wakasy bolan Bütindünýä howa sammiti, 30-njy noýabrda Dubaýda açyldy. Sammite 150 töweregi ýurduň wekilleri gatnaşýar. Iki günüň dowamynda – 1-nji we 2-nji dekabrda döwlet we hökümet Baştutanlary öz ýurtlarynyň daşky gurşaw, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goramak, “ýaşyl” energiýa we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek üçin maliýe goldawy babatynda öz garaýyşlaryny beýan ederler.
12-nji dekabra çenli dowam etjek konferensiýanyň dowamynda Dubaý dürli ýurtlardan 70 müňden gowrak delegaty kabul ediler. Olaryň arasynda döwlet Baştutanlary, iri biznes we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, žurnalistler, bilermenler we barlag geçirijiler bar.