Gert Wildersiň ýolbaşçylygyndaky Sagçy erkinlik partiýasy (FP) Niderlandlarda geçirilen nobatdan daşary parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Saýlaw Geňeşi mälim etdi.
22-nji noýabrda geçirilen ses berişligiň netijelerine görä, bu partiýa parlamentdäki 150 ornuň 37-sine eýe boldy. Şeýlelik bilen, sagçy partiýa Niderlandlaryň Wekiller palatasynyň başyny çekdi. Ikinji orunda, Zähmet partiýasyndan we “Ýaşyl çep” syýasy güýçden ybarat çep bileleşigi, 25 orna eýe boldy. Erkinlik we demokratiýa üçin halk partiýasy 24 deputat mandaty bilen üçünji ýeri eýeledi. Saýlawlara gatnaşygyň 77,7% bolandygy bellendi.
Gutarnykly netijeler yglan edilenden soň, Niderlandlaryň parlamentindäki iň uly partiýalar koalisiýa hökümetini döretmek barada gepleşiklere başlamaly. Niderlandlarda parlament saýlawlary 2025-nji ýylda geçirilmelidi. Şeýle-de bolsa, immigrasiýa syýasatyndaky düşünişmezlikler sebäpli Premýer-ministr Mark Rýutteniň Ministrler Kabineti 7-nji iýulda öz işini bes edenden soň, şu ýylyň 22-nji noýabrynda möhletinden öň saýlawlar geçirilipdi.