Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde döredilen Koreýanyň Maglumat elýeterlilik merkezi ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, «Kompýuter sowatlylygy we IT-tehnologiýalar» kurslarynyň başlangyç derejesi boýunça ýöriteleşdirilen enjamlaryň kömegi bilen okatmak üçin mümkinçiligi çäkli çagalary hem-de pensiýa ýaşyndaky raýatlary kompýuter sowatlylygy boýunça tölegsiz okuwlara çagyrýar.
Okuwlaryň ýokary derejede geçirilmegi we çagalar tarapyndan doly özleşdirilmegi üçin Maglumat elýeterlilik merkezi zerur çäreleri görýär. Maglumat elýeterlilik merkezi agzalan kursuň aýratynlygyna laýyklykda, ýagny mümkinçiligi çäkli adamlar üçin eşitmek, görüşi gowşak bolan taraplar üçin bolsa ýörite enjamlar — klawiaturalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen. Maglumat elýeterlilik merkezindäki okuw sapaklary bu enjamlary doly ulanmak arkaly geçilýär.
Okuwyň derejesi. Häzirki wagtda dünäýnniň 56 döwletinde Koreýanyň Milli maglumat jemgyýeti agentliginiň esaslandyran 60-dan gowrak Maglumat elýeterlilik merkezleri bar.
– Bilimiň hili. Merkezde okatmagyň öňdebaryjy usulyýetlerinden peýdalanylmagy öwrenilýän ugurlary gowy özleşdirmäge hem-de okuwdan lezzet almaga kömek edýär.
Bilim merkezinde sapaklar ýokary hünär derejeli hünärmenler – halkara attestasiýasyny we sertifikasiýasyny geçmek bilen döwrebap okuw usullaryny ulanýan mugallymlar tarapyndan geçilýär. Doly okuw maksatnamasy tamamlananyndan soň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan okuwçylara degişli şahadatnamalar gowşurylýar.

Habarlaşmak üçin: (+99312) 361925/26; (+99365) 503184
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş. Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.