Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde bolup, ýurduň golýazma hazynalarynda we kitaphanalarynda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler.
Netijede, Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, türkmen halkynyň taryhyna, edebiýatyna hem-de däp-dessuryna degişli 3 sany türkmen dilindäki, 47 sany pars we 9 sany arap dilindäki golýazmanyň, şeýle-de köp şahyrlaryň pars we türki dillerdäki goşgularyny özünde jemleýän 12 sany beýanyň, jemi 72 sany gymmatly golýazmanyň üstünden bardylar.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bu gymmatlyklaryň elektron nusgalary ýurda getirildi. Golýazmalaryň arasynda Ahmet Taftazany, Zeýneddin Jürjäni, Zahyrulhak Gaznawy, Abdylhak Türki, Muhammet Gazaly, Sopy Allaýar, Mollamuhammet Merwezi, Sarahsy ýaly belli türkmen alymlarynyň eserleri-de bar. Iş saparynyň aýratyn bellärlikli taraplarynyň biri Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň doly nusgasynyň tapylmagydyr. Golýazma şahyryň «Bu dünýä» atly goşgusy bilen başlanyp, «Wagyz» poemasy bilen tamamlanýar. Ýygyndyda ýüzden gowrak goşgy bar. Täjigistandan getirilen golýazma heniz dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine mälim bolmadyk gymmatlykdyr diýlip, habarda bellenilýär.
Şeýle hem habarda bellenilişi ýaly, şol bir şygryň tekstiniň golýazmalarda özgeren, dürli tapawutlar bilen ýazylan ýerleri bar. Ýagdaý şeýle bolansoň, ol ýa beýleki eseriň haýsy şahyra degişlidigini kesgitlemek diňe tekstologik derňew netijesinde mümkin. Şol sebäpli hem her bir golýazma türkmeniň taryhyny, edebiýatyny, medeniýetini, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň we halkyň taryhda yz goýan köp sanly beýleki şahsyýetleriniň ömri-döredijiligini täzeçe öwrenmekde, ylmy barlaglary alyp barmakda ygtybarly çeşmedir.