2024-nji ýyl­dan baş­lap Seu­lyň baş­lan­gyç we or­ta mek­dep­le­rin­de okuw­çy­la­ra iň­lis di­li­ni öw­ren­mä­ge ni­ýet­le­nen “re­pe­ti­tor ro­bot­lar” ula­ny­lyp baş­la­nar. Bu ba­ra­da “fer­ra.ru” web saý­ty ha­bar ber­ýär.
Bu tä­ze­lik mek­dep­ler­de iň­lis di­li­ni okat­ma­gy güýç­len­dir­me­giň çä­gin­de Seu­lyň Bi­lim eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan mä­lim edil­di. Hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bi­len bi­le­lik­de iş­le­nip dü­zü­len ro­bot­lar sy­nag üçin Seu­lyň bäş mek­de­bi­ne ug­ra­dy­lar.
Eme­li aň­ly ro­bot­lar mu­gal­ly­myň kö­mek­çi­si hök­mün­de ýar­dam be­rip, okuw­çy­lar bi­len iň­lis di­lin­de gür­le­şip bi­ler. Şeý­le-de, ro­bot­lar her bir okuw­çy­nyň söz­leý­şi­ni dü­zet­mek ýa­ly aý­ra­tyn oku­wy tek­lip eder. Sy­nag üs­tün­lik­li bo­lan ha­la­tyn­da, Bi­lim eda­ra­sy re­pe­ti­tor ro­bot­la­ryň ula­ny­ly­şy­ny gi­ňelt­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.