Angliýada sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýän bir adam synagdan 59 gezek ýykyldy. Ol Ýurduň Birmingem şäheriniň golaýyndaky Redditç şäherindäki sürüjilik mekdebindäki synaga girmek üçin jemi 1380 funt sterling pul töläpdir. Ady mälim edilmedik adam synaglaryň ählisine gatnaşmak üçin jemi 60 sagat töweregi synagda wagt geçiripdir. Ýurduň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda bu synagdan ýykylýanlaryň sany artypdyr. Mundan ozal 57, 55 we 53 gezek bu synagdan ýykylanlar hem bar eken. Şol sebäpli munuň Angliýa üçin rekord görkezijidigi mälim edildi. Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin geçirilýän synagyň tölegi 23 funt sterlingdigi we onuň bir sagat dowam edýändigi mälim edildi.
Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2022-2023-nji ýyllarda synagda kanagatlanarly baha alanlar 44 göterim bolupdyr. Bu görkeziji 2007-2008-nji ýyllarda 65 göterim bolan eken.
Ýurtda sürüji bolmak isleýänler ilki bilen ýol hereketiniň düzgünleri baradaky synagdan geçmeli bolýarlar. Soňra bolsa, ulagy sürmek arkaly tabşyrylmaly synaga girmek üçin ýüz tutup bolýar. 50 soragdan ybarat bolan birinji synagda her bir sowalyň birden köp jogabyndan diňe dogrusyny saýlamaly. Bu sowallaryň 43-ine ýa-da ondan hem köp sowala dogry jogap berenler synagyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar.