Şwesiýanyň Sosial-demokratik partiýasy (Socialdemokraterna) 2026-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasynyň esasyny düzjek iş wagtyny azaltmak teklibini taýýarlaýar.
Geçirilen birnäçe barlaglar, iş wagtyny azaltmagyň peýdalydygyny, zähmet we maşgala durmuşynyň arasyndaky deňagramlygy ýokarlandyrýandygyny görkezdi.
40 sagatlyk iş hepdesiniň Şwesiýada hödürlenmegine 50 ýyl töweregi wagt bolupdyr.
Sosial-demokratik partiýasynyň agzasy Annika Strandhall pandemiýadan bäri bolup geçen wakalaryň iş şertlerine üýtgeşmeleriň girizilip bilinjekdigini görkezdi, ýöne bu ähli hünärlere degişli däl.
-Biz dürli modellere göz aýladyk, ýöne iş wagtynyň dowamlylygyny näçeräk azaltmalydygymyz barada entek belli bir netijä gelmedik. Bu pikir, köp pudaklarda işçi güýjüniň ýetmezçiligi bilen bir wagtda ýüze çykdy. Soňky dört ýylyň dowamynda stres sebäpli 50 göterimden gowrak adam nähoşdugy baradaky rugsady aldy – diýip Annika Strandhall aýtdy.
Bu mesele boýunça anyk syýasy teklipler 2024-nji ýylyň ýazynda hödürlener.