Hindistan tarapyndan uçurylan “Aditya-L1” Güni öwreniş awtomatik kosmos stansiýasy Gün ýelini öwrenip başlady. Hindi kosmos barlaglary guramasynyň (ISRO) maglumatlaryna görä, stansiýada Gün ýeliniň ion spektrometri (SWIS) işe başlady.
“Gün ýeliniň ion spektrometri işleýär” diýip, guramanyň wekilleri X jemgyýetçilik ulgamyndaky sahypasynda mälim etdiler.
Maglumatlara görä, Gün ýelini öwrenmek üçin synagda iki abzal ulanylýar: SWIS we STEPS (supratermal we ýokary energiýa bölejikleriň spektrometri). STEPS 10-njy sentýabrda işe başlady we häzir bolsa, SWIS işjeňleşdirildi.
Netijede, Gün ýelini öwrenýän abzallaryň ikisi hem işleýär. Ýurduň kosmos gullugynyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, olaryň işleýşi kadaly ýagdaýda dowam edýär.
2-nji sentýabrda işe girizilen enjamyň ýanwar aýynda Ýerden, takmynan, 1,5 million kilometr uzaklykdaky Gün-Ýer ulgamynyň Lagranža nokadynyň (L1 nokady) sebitindäki galo-orbitasyna çykarylmagy meýilleşdirilýär.