Braziliýada dünýäde neýroulgam tarapyndan döredilen ilkinji kanun güýje girdi. Bu barada britan gazeti “The Sun” habar berýär. Şäher geňeşiniň agzasy Ramiro Rosario, Porto-Alegre şäherindäki raýatlary has ýokary suw töleglerinden goramaga niýetlenen iki maddaly kanun taslamasyny hödürledi. Kanun ähli düzedişler girizilenden we ara alnyp maslahatlaşylandan soňra ses berişlik arkaly kabul edilip, şäher häkimi tarapyndan tassyklandy.
Diňe şondan soň Rosario kanunyň “ChatGP” neýroulgamy tarapyndan işlenip düzülendigini boýun aldy. Ol kanun taslamasyny taýýarlamak üçin diňe sähelçe salymyň gerek bolandygyny aýtdy. Ol kärdeşleriniň närazylygyna emeli aňyň ýardamyndan peýdalanmagy gadagan edýän hiç hili kanunyň ýokdugy bilen jogap berdi.
Ramiro Rosario emeli aňa kanun taslamasynyň maksadyny girizendigini, neýroulgamyň sanlyja sekundyň içinde garaşylanyndan hem gowy kanun taslamany işläp düzendigini, hatda unudan zatlaryny hem göz öňünde tutandygyny sözüniň üstüne goşdy.