Daniýanyň ýel turbinalaryny öndürýän “Vestas” kompaniýasy bilen Ukrainanyň energiýa pudagyndaky iri maýa goýum kompaniýasy “DTEK Group” toparynyň arasynda şertnama gol çekildi. Resminama laýyklykda ýurduň günortasyndaky Tyligulska ýel bekedi taslamasynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi üçin hyzmatdaşlyk edilmegi göz öňünde tutulýar. Taslamanyň birinji tapgyrynyň önümçilik kuwwaty 114 MW bolup, şu ýylyň ýaz aýlarynda işe girizilipdi. Taslamanyň ikinji tapgyrynyň önümçilik kuwwaty 384 MW bolar. Taslama doly durmuşa geçirilenden soňra, ýel fermasynyň umumy önümçilik kuwwaty 6 MW bolar. Şeýlelikde, bu ýurduň iň uly ýel fermasyna öwrüler. Bu ýerde jemi 83 ýel turbinasy hereket eder.