Esa­san hem şu ýyl, aý­dym-saz kon­sert­le­rin­de go­ýan re­kord­la­ry, dün­ýä ýurt­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de kon­sert­le­ri gu­ra­ma­gy, öz ýur­du­nyň hem-de kon­sert ber­mä­ge ba­ran ýur­dy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­şant goş­ma­gy, “For­bes”-iň “Iň güýç­li ze­nan­lar” sa­na­wyn­da bä­şin­ji, me­di­ýa we güý­men­je ug­run­da­ky sa­na­wyn­da bi­rin­ji bol­ma­gy, hat­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de oka­dyl­ýan mak­sat­na­ma gi­ri­zil­me­gi bi­len Teý­lor Swif­tiň bü­tin dün­ýä­dä­ki meş­hur­ly­gy art­dy. Şeý­le bo­lan­soň, “Ti­me” žur­na­ly ýaş aý­dym­çy­ny 2023-nji ýy­lyň ada­my (Per­son of the Year) hök­mün­de saý­la­dy. Ne­şi­riň re­dak­to­ry Säm Ýa­kobs köp san­ly gu­ra­ma­nyň ne­ti­je ga­za­nyp bil­me­ýän dün­ýä­sin­de Swif­tiň ser­het­le­ri aş­ma­gyň we ýag­ty­lyk çeş­me­si bol­ma­gyň bir ýo­lu­ny ta­pan­dy­gy­ny bel­le­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, hä­zir­ki wagt­da pla­ne­ta­myz­da baş­ga hiç bir adam şeý­le köp ada­my şon­dan go­wy he­re­ket et­di­rip bil­mez.
In­di El­wis Pres­li, Maýkl Jek­son we Ma­don­na ýa­ly aý­dym-saz ýyl­dyz­la­ry ýa­ly meş­hur­lyk ga­za­nan Swift go­laý­da mil­li­ar­der­le­riň sa­na­wy­na hem go­şu­lyp­dy.
33 ýaş­ly aý­dym­çy aý­dym-saz baý­rak­la­ry­nyň hem bir­nä­çe­si­ne my­na­syp bol­dy.
Düýn “Ti­me” žur­na­ly “Ýy­lyň ada­my” üçin bir­nä­çe da­laş­gä­riň saý­la­nan­dy­gy­ny, esa­san, ola­ryň üçü­sin­den bi­ri­niň saý­la­nyp bi­lin­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di.