7-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Ber­lin şä­he­rin­dä­ki il­çi­ha­na­syn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ne­mes di­li­ne ter­ji­me edi­len goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy hem-de «Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýe­ti­niň Ýew­ro­pa­ly alym­lar ta­ra­pyn­dan öw­re­ni­li­şi» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li, söz us­sa­dy, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na taý­ýar­lyk­ly bar­ýan gün­le­ri­miz­de Ber­lin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta hem-de şa­hy­ryň ne­mes di­lin­de ter­ji­me edi­len goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri, alym­lar, şol san­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ne­mes di­li­ne ter­ji­me edi­len goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy «Ylym» ne­şir­ýa­ty ta­ra­pyn­dan çap edil­di. On­da şa­hy­ryň 130-dan dan gow­rak goş­gu­la­ry ýer­leş­di­ri­len. Ýy­gyn­da gi­ri­zi­len goş­gu­lar Gra­na­da uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Hel­ga Kohrs ke­gel bi­len onuň og­ly Ale­hand­ra Mu­ňoz Kohrs ta­ra­pyn­dan ter­ji­me edi­lip­dir. Ne­mes di­li­ne ter­ji­me edi­len goş­gu­lar Bar­ba­ra Kell­ner-He­in­ke­le we Gül­şen Sa­ha­to­wa ta­ra­pyn­dan re­dak­tir­le­nip­dir.
Bu ki­ta­byň Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň alym kä­ti­bi Ka­ka­jan Jan­be­ko­wyň ýol­baş­çy­lyk et­me­gin­de ça­pa taý­ýar­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
Da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de türk­men hal­ky­nyň mil­li gym­mat­lyk­la­ryn­dan söz aç­ýan ser­gi hem gu­ral­dy. Ser­gi­de gör­ke­zi­len gym­mat­lyk­la­ry­myz da­ba­ra gat­naş­ýan myh­man­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.