6-njy de­kabr­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň
wi­se-pre­zi­den­ti, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň türk
ta­ra­py­nyň baş­ly­gy Jew­det Ýyl­ma­zy ka­bul et­di. Ol bu to­pa­ryň no­bat­da­ky ýe­din­ji mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin öz ýur­du­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip Türk­me­nis­ta­na gel­di.

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul edi­len­di­gi hem-de iki­çäk söh­bet­deş­lik­de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za, şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­ga­nyň mä­hir­li sa­la­my­ny ýe­tir­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Tür­ki­ýe­de do­gan­lyk Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dost­luk­ly ýur­duň wi­se-pre­zi­den­ti­ni myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mü­bä­rek­läp, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň hem-de Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si­niň üs­tün­lik­li geç­me­gi­ni ar­zuw et­di we şu ge­zek­ki sa­pa­ryň çäk­le­rin­dä­ki gep­le­şik­ler­dir du­şu­şyk­la­ryň iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­let Baştutanymyz Prezident Re­jep Taýyp Ärdogana mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, Tür­ki­ýe bi­len stra­te­gik, uzak möh­let­le­ýin hä­si­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Türk­me­nis­ta­ny we Tür­ki­ýä­ni kö­pa­syr­lyk dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar. Bu bol­sa hä­zir­ki dö­wür­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hö­kü­me­ta­ra dia­lo­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak üçin berk esas bo­lup hyz­mat ed­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. Söh­bet­deş­ler iki do­gan­lyk döw­le­tiň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da yna­nyş­ma­gyň we öza­ra dü­şü­niş­me­giň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, Hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­niň yzy­gi­der­li sa­par­la­ry­nyň, ýurt­la­ry­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ge­ňeş­me­le­riň we gep­le­şik­le­riň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­kyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Pre­zi­dent Re­jep Taýyp Ärdogan bi­len bo­lan du­şu­şy­gy­ny, işe­wür­lik mas­la­ha­ty­ny we iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­ri ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol sa­pa­ryň çäk­le­rin­de bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi hä­zir­ki gü­nüň mö­hüm we­zi­pe­si­dir.
Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň stra­te­gik söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da, ulag-ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy, ma­ýa go­ýum­lar ul­gam­la­ryn­da ne­ti­je­li iki­ta­rap­la­ýyn we se­bit de­re­je­sin­dä­ki gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iki ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny na­za­ra al­mak bi­len, döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň işi­niň we işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Ola­ryň mak­sa­dy ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge, öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze, mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da döw­let Baştutanymyz we myh­man iki hal­kyň ta­ry­hy­nyň, asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyň umu­my­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Mu­nuň özi me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz we Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň wi­se-prezidenti Jew­det Ýyl­maz stra­te­gik döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň iki do­gan­lyk ýur­duň hem-de ola­ryň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.