6-njy de­kabr­da paý­tag­ty­myz­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň 10-njy ser­gi­si açyl­dy, şeý­le hem Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň ýe­din­ji mej­li­si we işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

Göz­den ge­çi­ri­li­şe gat­naş­mak üçin Tür­ki­ýä­niň döw­let dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­rin­den yba­rat uly to­par, ýur­du­myz bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň we hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň 100-e go­la­ýy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr hü­när­men­le­ri Aş­ga­ba­da gel­di­ler. Öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek ta­nyş­dyr­ýan kom­pa­ni­ýa­lar ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi­ni düz­ýär. Ola­ryň kö­pü­si ýur­du­my­zyň kö­pu­gur­ly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty ba­ra­da oňat ha­bar­ly­dyr­lar we hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.
Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri hem-de işe­wür­ler gat­naş­dy­lar.
Ýyg­na­nan­lar hormatly Prezidentimiziň ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. On­da «Tür­ki­ýä­niň kom­pa­ni­ýa­la­ry türk­men hyz­mat­daş­la­ry bi­len ys­ny­şyk­ly iş alyp bar­mak bi­len, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki bir­nä­çe tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar­lar we işe­wür­lik ul­ga­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňeld­ýär­ler» diý­lip bel­le­nil­ýär.
Fo­ru­myň açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden türk we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Jew­det Ýyl­maz Türk­me­nis­tan­da ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­ni art­dyr­mak we gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ar­ka­ly, Tür­ki­ýä­niň ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne go­şant goş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di.
6-8-nji de­kabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­de türk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri ta­ra­pyn­dan eks­port edil­ýän ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ryň giň top­lu­my — se­na­gat we oba ho­ja­lyk pu­dak­la­ry üçin en­jam­lar, äti­ýaç­lyk şaý­lar, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri, ho­ja­lyk we elektro­ni­ka teh­ni­ka­la­ry, öý ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry, dok­ma önüm­le­ri gör­ke­zil­ýär. Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da elekt­rik ener­ge­ti­ka en­jam­la­ry­ny ön­dür­mä­ge ýö­ri­te­le­şen «El­te Pa­no», «Has­çe­lik Kab­lo», ýan­gyn sön­dü­ri­ji en­jam­la­ry ön­dür­ýän «Duyar Vana Ma­ki­na», gur­lu­şyk­da öň­de­ba­ry­jy «Rö­ne­sans», «Gap In­şa­at» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar bar. Gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri bö­lü­min­de pen­ji­re­le­ri we ga­py­la­ry ön­dür­ýän «Çe­lik Ka­pi», «Em­ka Me­tal Çe­lik», di­war­lar we üçek­ler üçin izol­ýa­si­ýa se­riş­de­le­rin­den taý­ýar­la­ny­lan pa­nel­le­ri ön­dür­ýän «As­san Pa­nel» hem-de pro­fil­le­ri ön­dür­ýän «Hi­lal Alü­mi­ni­um» kom­pa­ni­ýa­la­ry bar. «A.O.Smith» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­war­ly­gy suw üp­jün­çi­lik, la­gym we su­wa­ryş, agyz su­wy mi­ne­ral­laş­dyr­mak ul­gam­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­ýar. «Ahi car­ri­er fzc», «Fri­go Me­ka­nik», «Al­dag» kom­pa­ni­ýa­la­ry so­wa­dy­jy­la­ry we azyk önüm­le­ri­ni sak­la­mak hem-de doň­dur­mak üçin teh­ni­ka­la­ry gör­kez­ýär.
Ser­gä il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň ha­ta­ryn­da ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry üçin en­jam­la­ry­dyr dü­züm­le­ri ön­dür­mä­ge we iber­mä­ge ýö­ri­te­le­şen kom­pa­ni­ýa­la­ryň bar­dy­gy­ny hem bel­le­me­li­di­ris. Bu ýer­de «Se­ra mar­ke­tim», «Dag­de­len», «Meh­met Özen» hu­su­sy kär­ha­na­la­ry il­kin­ji ge­zek önüm­le­ri­ni gör­kez­ýär­ler. «Fe­ta», «In­ter­lab Lab. Ürün­le­ri» we «Dog­ru­lar Ev Ürün­le­ri» kom­pa­ni­ýa­la­ry ça­ga­lar bag­la­ry­ny hem-de mek­dep­le­ri, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny en­jam­laş­dyr­mak ul­ga­myn­da tek­lip­le­ri bi­len çy­kyş ed­ýär­ler. Ýur­du­myz­da meş­hur­lyk­dan peý­da­lan­ýan öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we aş­ha­na en­jam­la­ry­ny ön­dü­ri­ji­le­riň di­war­lyk­la­ry ser­gä gel­ýän­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Olar so­wa­dy­jy­la­ryň, egin-eşik ýu­wu­jy ma­şyn­la­ryň, bug peç­le­ri­niň, suw gaý­na­dy­jy­la­ryň we gyz­dy­ry­jy­la­ryň, elekt­rik en­jam­la­ryň hem-de beý­le­ki­le­riň iň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar.
Dok­ma önüm­le­ri­niň di­war­ly­gy di­ňe bir türk ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kuw­wat­lyk­la­ry­ny, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň baý gör­nüş­le­ri­ni we aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny açyp gör­kez­mä­ge giň şert­le­ri dö­ret­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, türk­men hyz­mat­daş­la­ry bi­len gö­ni gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­ga-da müm­kin­çi­lik ber­di.
Ýö­ri­te­leş­di­ri­len ser­gi köp ýyl­lar­dan bä­ri türk ön­dü­ri­ji­le­ri ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň giň ugur­la­ry­ny açyp gör­kez­mek, öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry alyş­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça bol­dy. Iki dost­luk­ly ýur­duň gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len fo­rum ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, kär­ha­na­la­ry teh­no­lo­gik taý­dan döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, iň hä­zir­ki za­man önüm­çi­lik­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge esas­lan­ýan türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bin­ýa­dyn­da ma­ýa go­ýum-in­no­wa­si­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­je­gi­ni ha­sa­ba al­mak bi­len, işe­wür­lik hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýär.

Köp san­ly gat­na­şy­jy­lar — kom­pa­ni­ýa­la­ryň we de­giş­li pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, hu­su­sy işe­wür dü­züm­le­riň we­kil­le­ri türk ön­dü­ri­ji­le­ri­niň ser­gi­de gör­kez­ýän önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­dy­lar.

Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň mej­li­si
Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň ýe­din­ji mej­li­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Jew­det Ýyl­ma­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len we­kil­çi­lik­li to­par gat­naş­dy. Mej­li­siň bar­şyn­da oňa gat­na­şy­jy­lar iki ýur­duň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri, se­bit we köp­ta­rap­la­ýyn me­se­le­ler, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň al­tyn­jy mej­li­si­niň Tes­wir­na­ma­sy esa­syn­da ka­bul edi­len iş me­ýil­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi bi­len ta­nyş­dy­lar.
Hö­kü­me­ta­ra türk­men-türk to­pa­ry­nyň ýe­din­ji mej­li­si­niň çäk­le­rin­de ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Tür­ki­ýä­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň giň top­lu­my­na ga­ral­dy. Hu­su­san-da, ta­rap­lar türk­men te­bi­gy ga­zy­ny Tür­ki­ýä iber­me­giň müm­kin­çi­li­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan­dan te­bi­gy ga­zy Eý­ra­nyň üs­ti bi­len Tür­ki­ýä iber­mek tas­la­ma­sy­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, türk­men ta­ra­py­nyň soň­ky ýyl­lar­da dö­re­den gaz inf­rast­ruk­tu­ra­sy Türk­me­nis­ta­na öz te­bi­gy ga­zy­ny gün­ba­tar ug­ry bo­ýun­ça uly möç­ber­de iber­mä­ge giň müm­kin­çi­lik ber­ýär. Be­ýan edi­len­ler­den ugur al­nyp, ýo­kar­da ady ag­za­lan tas­la­ma­nyň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy bel­le­nil­di we ta­rap­lar ýa­kyn wagt­da ugur­daş eda­ra­la­ryň, kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň de­re­je­sin­de gep­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge gi­riş­me­gi yla­laş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Tür­ki­ýä­niň kö­pa­syr­lyk ýa­kyn gat­na­şyk­la­ra üýt­gew­siz yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny be­ýan edip, to­pa­ryň ag­za­la­ry gel­je­gi uly äh­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri bel­le­di­ler. To­pa­ryň mej­li­si­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li Tes­wir­na­ma gol çe­kil­di.
Şeý­le hem şol gün Türk­men-türk işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. On­da çy­kyş eden­ler mas­la­ha­tyň uzak möh­let­le­ýin esas­da gu­ral­ýan däp bo­lan hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek we çuň­laş­dyr­mak üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de türk­men we türk işe­wür­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň ýo­lun­da mö­hüm ädim ät­mek­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri­niň türk kär­deş­le­ri bi­len ge­çi­ren iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar, öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry gi­ňiş­le­ýin ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.