Düýn Iordaniýa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) döwlet eýeçiligindäki “Abu Dhabi Future Energy Company” (Masdar) kompaniýasynyň arasynda ýurtda “ýaşyl” wodorod we ýel energiýasyny öndürmek boýunça iki şertnama gol çekildi.
Iordaniýanyň Energetika we mineral serişdeler ministri Saleh al-Harabşi öz beýanatynda “ýaşyl” wodorod öndürýän desganyň Iordaniýanyň Akaba portunyň golaýynda ýerleşjekdigini we süýjedilen deňiz suwlaryny we täzelenip bilýän energiýa çeşmelerini ulanyp, ýylda 50 müň tonna wodorod öndürjekdigini aýtdy.
Beýleki bir şertnama laýyklykda, “Masdar” Iordaniýada energiýa saklaýyş ulgamly 1 GW kuwwatly elektrik bekedini işläp düzer diýlip, beýanatda bellenilýär. Beýanatda şertnamalaryň BAE-de geçirilýän COP28 konferensiýasynda gol çekilendigi aýdylýar.
Esasy Dünýä täzelikleri Iordaniýa we “Masdar” ýaşyl wodorod hem-de ýel energiýasyny öndürmek barada iki şertnama...