ABŞ-nyň global hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Paolo Zampolli özüniň Özbegistana amala aşyran sapary wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň bu ýurda gelmek isleýändigini mälim etdi. «Daryo» özbek platformasyna salgylanyp habar berilişi ýaly, Zampolli döwlet Baştutanynyň iş ýüküniň örän ýokarydygyna garamazdan, olaryň bu meseläni yzygiderli ara alyp maslahatlaşýandyklaryny we ýakyn wagtda saparyň amala aşmagyna umyt edýändiklerini belledi.

Iki ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş ýoluna düşendigine kanagatlanma bildiren ABŞ-nyň wekili Özbegistanyň häzirki wagtda amerikan administrasiýasynyň wekilleri üçin hökmany baryp görmeli ýere öwrülendigini nygtady. Şeýle hem ol Özbegistanyň syýahatçylar üçin dünýäniň iň gowy 10 sany künjeginiň biridigini we maýa goýumlar üçin örän özüne çekiji ýurda öwrülendigini belledi.

Mundan ozal Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy amatly wagtda Özbegistana gelmäge birnäçe gezek çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, fewral aýynda Şawkat Mirziýoýew Donald Trampyň çakylygy boýunça Waşington şäherine baryp, Parahatçylyk geňeşiniň ilkinji mejlisine gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti, öz gezeginde, Özbegistanyň Baştutanyny Parahatçylyk geňeşiniň indiki mejlisine hem-de Maýamidäki «G20» sammitine hem çagyrdy.

Şeýle hem oktýabr aýynyň ortalarynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubiýonyň 100-den gowrak amerikan kompaniýasyna wekilçilik edýän işewürler toparynyň başlygy hökmünde Samarkant şäherine sapar etmegine garaşylýar.