2-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyp, oňa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
«ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmak hem-de oňa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň adyndan iň gowy arzuwlarymy ýetirmek uly mertebe boldy» diýip, Mirziýoýewa belledi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy.
Şeýle hem sentýabr aýynda administrasiýanyň ýolbaşçysy Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen Özbegistanyň bu guramanyň agzalygyna girmegi boýunça gepleşikleri geçirdi. Şeýle hem ol «Google» kompaniýasynyň wise-prezidenti Karan Batiýa bilen duşuşyp, Özbegistanda «YouTube» hyzmatyny monetizasiýa etmek we halkara töleg ulgamlary meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Nýu-Ýork şäherinde Mirziýoýewa «BlackRock» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen Daşkent halkara maliýe merkezini döretmek boýunça gepleşikler geçirdi hem-de Özbegistanyň we Merkezi Aziýanyň ösüş geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
PDF








