Türk­men be­de­wi­niň äh­li­halk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň VI mej­li­si bol­dy. No­bat­da­ky mej­lis ka­şaň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ril­di. Mej­li­se Azi­ýa­nyň, Ýew­ro­pa­nyň, De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň 20 ýur­du­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ABŞ, Ka­na­da, Urug­waý, Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa, Şwe­si­ýa, Ni­der­land­lar, Hy­taý, Mon­go­li­ýa, Eý­ran, Rus­si­ýa, Öz­be­gis­tan we beý­le­ki döw­let­ler­den ge­len myh­man­lar bar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu as­so­sia­si­ýa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 2010-njy ýy­lyň aw­gus­tyn­da dö­re­dil­di. Onuň esa­sy mak­sa­dy türk­men hal­ky­nyň mil­li gu­wan­jy, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-kä­ni­ne go­şan ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak go­şan­dy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň aras­sa to­hu­my­ny sak­lap, onuň dün­ýä meş­hur şöh­ra­ty­ny has-da art­dyr­mak­dan, da­şa­ry ýurt­la­ryň ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­la­ry­ny bir gu­ra­ma bir­leş­dir­mek­den yba­rat­dyr.
As­so­sia­si­ýa­nyň işi at­çy­ly­gy ös­dür­mek­de hü­när­men­le­riň ara­syn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge we öza­ra bäh­bit­li tej­ri­be alyş­ma­ga, dün­ýä­de be­hiş­di be­dew­le­ri giň­den wa­gyz et­mä­ge, bi­rin­ji no­bat­da bol­sa, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aja­ýyp gud­ra­ty hök­mün­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň to­hu­my­ny aýaw­ly sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bu­la­ryň hem­me­si ro­wa­ýa­ta öw­rü­len be­hiş­di be­dew­le­riň ha­ky­ky jan­kö­ýe­ri, us­sat at­şy­nas, as­so­sia­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­men döw­le­ti­niň Baş­tu­ta­ny ta­ra­pyn­dan kes­git­le­nen Hal­ka­ra ahal­te­ke as­so­sia­si­ýa­sy­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar.
Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Gut­la­gy­ny ru­hu­be­lent­lik bi­len üns be­rip diň­le­di­ler. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Gut­la­gyn­da köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da meş­hur ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty­nyň äle­me do­lan­dy­gy, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­men döw­le­ti­niň at­çy­ly­gy we at­çy­lyk spor­tu­ny ös­dür­mä­ge uly üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, be­hiş­di be­dew­le­riň at-owa­za­sy­nyň tä­ze be­lent­lik­le­re gö­te­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. As­so­sia­si­ýa­nyň mej­lis­le­ri­ne her ýyl dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan köp san­ly we­kil­ler gat­naş­ýar­lar. Da­şa­ry ýurt­lar­dan we Türk­me­nis­tan­dan as­so­sia­si­ýa ag­za bol­ma­ga is­leg bil­dir­ýän eda­ra gör­nüş­li hem-de şah­sy ta­rap­la­ryň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär. Bu bol­sa dün­ýä halk­la­ry­nyň be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ze bo­lan söý­gi­si­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hal­ka­ra fo­ru­my­nyň at­şy­nas­la­ryň öza­ra peý­da­ly tej­ri­be alyş­ma­gy­na uly ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk we ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne as­so­sia­si­ýa­nyň iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, onuň işi­niň wa­jyp me­se­le­le­ri hem-de gel­je­gi göz öňün­de tut­mak bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­giň me­ýil­na­ma­sy gi­ri­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dä­be öw­rü­len hyz­mat­daş­ly­ga tä­ze gy­zyk­lan­ma­la­ry gi­ri­zip, ony anyk maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ýan, meş­hur be­hiş­di be­dew­le­riň muş­dak­la­ry­nyň we hü­när­men­le­riň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry güýç­len­dir­mä­ge hem-de çä­gi­ni gi­ňelt­mä­ge ýar­dam ber­ýän her ýyl ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti nyg­ta­lýar.
Urug­wa­ýyň Ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti je­nap Gu­il­ler­mo Lok­har­tyň, Şwe­si­ýa­nyň Ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy ha­nym Jes­si­ka Eý­le Keý­tiň, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň At­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň bö­lüm mü­di­ri ha­nym Žan Mu­nuň hem-de beý­le­ki fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­da ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke at­la­ry­na, türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň tej­ri­be­si­ne we ýe­ten de­re­je­le­ri­ne dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň bar­ha ös­ýän gy­zyk­lan­ma­la­ry ýe­ne bir ge­zek tas­syk­lan­dy.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­men döw­le­ti­niň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça, 2016-njy ýyl ýur­du­myz­da “Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­di. Mu­nuň özi mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan türk­men hal­ky­nyň aja­ýyp ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny aýaw­ly sak­la­ma­ga örän uly üns ber­ýän­di­gi­niň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu gym­mat­lyk­la­ryň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­sa, ahal­te­ke be­dew­le­ri­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan bu pu­dak­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty at­çy­ly­gyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ahal­te­ke at­la­ry­nyň to­hu­my­ny dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň aja­ýyp gud­ra­ty hök­mün­de aýaw­ly sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ahal­te­ke be­de­wi­niň seý­rek duş gel­ýän gym­mat­ly hä­si­ýet­le­ri we öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy en­çe­me asy­ryň do­wa­myn­da bir dur­ku­ny sak­lap gel­di. Mu­nuň özi te­bi­gy we ge­og­ra­fik ýag­daý­lar bi­len hem-de şeý­le kä­mil be­de­wi ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi ba­şa­ran türk­men hal­ky­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len şert­len­di­ri­lip, di­ňe bir ta­ryh­çy­la­ryň däl-de, eý­sem, at­şy­nas hü­när­men­le­riň, seç­gi­çi alym­la­ryň örän dyk­gat­ly üns ber­me­gi­ne my­na­syp­dyr.
Hä­zir Türk­me­nis­tan­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de gö­zeg­çi­li­gin­de mil­li at­şy­nas­lyk däp­le­ri­ni di­kelt­mek, ahal­te­ke at­la­ry­nyň to­hu­my­ny, ge­no­fon­du­ny sak­la­mak we kä­mil­leş­dir­mek üçin seç­gi-to­hum­çy­lyk iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi, at­çy­lyk spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi bo­ýun­ça iş­ler giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Şu mak­sat bi­len, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, äh­li we­la­ýat­lar­da döw­re­bap at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy. Türk­men be­de­wi­niň bu baý­ram­çy­ly­gy­na ga­bat­la­nyp, tä­ze des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si­niň, şol san­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da gur­lan Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­my we at­şy­nas­lar üçin ni­ýet­le­nen ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bo­ldy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, gö­zel­li­giň hem-de owa­dan­ly­gyň nus­ga­sy bo­lan be­hiş­di be­dew­le­riň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men at­şy­nas­la­ry­nyň we türk­men ça­pyk­su­war­la­ry­nyň, dün­ýä de­re­je­sin­de ga­za­nan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ne­ti­je­sin­de şah-şöh­ra­ty has hem art­ýar.
Lon­şan aý­la­wyn­da ge­çi­ri­len “Ark de Triumf — 2012” Pa­ri­žiň Gran-pri at ça­py­şyk­la­ryn­da türk­me­nis­tan­ly ça­pyk­su­wa­ryň ga­za­nan ne­ti­je­si mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Da­şa­ry ýurt­lar­da meş­hur “Gal­ky­nyş” we “Türk­men ji­git­le­ri” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­par­la­ry hem uly üs­tün­lik bi­len çy­kyş ed­ýär­ler. Olar Rus­si­ýa­da (2013), Ita­li­ýa­da (2014), Hy­taý­da (2015) hal­ka­ra Gran-pri sirk fes­ti­wal­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­dy­lar.
2014-nji ýyl­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň göç­me mej­li­si­niň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ril­me­gi­ni şan­ly wa­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da ag­za­mak bo­lar. Şon­da HHR-niň paý­tag­ty Pe­kin şä­he­rin­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da ahal­te­ke be­de­wi­niň me­de­ni se­ýil­gä­hi­niň düý­bi tu­tul­dy. Mu­nuň özi ahal­te­ke be­de­wi­ne bü­tin­dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gym­mat­ly baý­ly­gy hök­mün­de äh­lu­mu­my gy­zyk­lan­ma­nyň öz­bo­luş­ly şa­ýat­na­ma­sy bol­dy. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­len “Spo­ga Hor­se Spring” we EK­WI­TA­NA hal­ka­ra at­çy­lyk sport ser­gi­le­ri­ne, Bel­gi­ýa­da ge­çi­ri­len şu­nuň ýa­ly göz­den ge­çi­ri­li­şe Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­li gat­na­şan­dy­gy­ny gör­kez­mek bo­lar.
2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na at­çy­lyk spor­tu­nyň gör­nüş­le­ri­niň bi­ri bo­lan kon­ku­ryň go­şul­ma­gy gö­nü­den-gö­ni mil­li at­çy­lyk pu­da­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­si­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dün­ýä at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň naý­ba­şy­sy ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­lap ýa­zan bir­nä­çe ki­tap­la­ry eý­ýäm çap­dan çyk­dy. Bu ki­tap­lar dün­ýä­niň en­çe­me dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, at­şy­nas­la­ryň ara­syn­da ägirt uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ne­şir edi­len eser­le­ri­niň üs­ti bi­len di­ňe bir da­şa­ry ýurt­lar­da­ky köp ­san­ly ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň muş­dak­la­ry däl-de, eý­sem, ýö­ne­keý oky­jy­lar hem bu aja­ýyp be­de­wiň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len tan­şyp bi­ler­ler. Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň VI mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Ýüz­len­me ka­bul et­di­ler. On­da mil­li Li­de­ri­mi­ze bi­ziň ýur­du­my­za ge­lip gör­mä­ge hem-de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň mej­li­si­ne we Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­la­ra gat­naş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­ril­ýär.
Mej­li­se gat­na­şan­lar onuň je­mi­ni jem­läp, bu du­şu­şy­gyň ahal­te­ke at­çy­lyk pu­da­gyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ni we tej­ri­be alyş­ma­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mä­ge, owa­dan­ly­gy, sy­rat­ly­ly­gy hem-de ýyn­dam­ly­gy bo­ýun­ça deň­siz-taý­syz be­hiş­di be­dew­le­riň dün­ýä­dä­ki şöh­ra­ty­ny art­dyr­ma­ga uly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di­ler.
Mej­lis ta­mam­la­nan­dan soň, oňa gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ser­gi­ler za­ly­na bar­dy­lar. Bu ýer­de Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy hem-de “Türk­men be­de­wi we dün­ýä­niň se­ýis­çi­lik sun­ga­ty” at­ly VIII hal­ka­ra yl­my mas­la­hat geçirildi.

(TDH-niň ma­te­ri­al­lary
esa­syn­da taý­ýar­lan­dy).